05.01.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we welaýatlarda
alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda bugdaý ekilen meýdanlarda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş,
topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri dowam etdirilýär.
Daýhanlary ýokary hilli tohumlar bilen üpjün etmek üçin gowaça tohumyny taýýarlamak,
ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak, talabalaýyk saklamak
babatda zerur çäreler görülýär. Şeýle hem häkim welaýatyň çägindäki
medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty
elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek
boýunça alnyp barylýan işler, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň, ýazky ekiş möwsümine talabalaýyk
taýýarlyk görmegiň möhüm ähmiýetini belledi we bu babatda häkime degişli
tabşyryklary berdi. Şeýle-de döwlet Baştutanymyz welaýatda şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýokary hilli, öz wagtynda ýerine ýetirilmegini
gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Balkan welaýatynyň
häkimi H.Aşyrmyradow welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, şu günler
sebitiň bugdaý ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri, hususan-da, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekiljek
meýdanlarda sürüm we tekizleýiş, ýazky ekiş möwsüminde ulanyljak tehnikalary,
pagta öndürijiler üçin gowaça tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Şeýle-de häkim welaýatyň çägindäki ýaşaýyş jaýlarynyň, jemgyýetçilik
binalarynyň ýyladyş ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy,
tebigy gaz we agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyklaryň
barşy barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň durnukly ösýän oba
hojalygynyň binýady bolup durýandygyny belledi we häkime welaýatda oba hojalyk
işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalarda göz öňünde
tutulan wezipeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň zerur talap bolup
durýandygyna ünsi çekip, bu babatda degişli görkezmeleri berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, şu
ýylyň hasyly üçin gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde meýdanlarda
sürüm, tekizleýiş, mineral dökünler bilen gurplandyrmak işleri utgaşykly alnyp
barylýar. Ýokary hilli gowaça tohumyny, ekişde ulanyljak oba hojalyk
tehnikalaryny we gurallary möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.
Mundan başga-da, gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki
ýaşaýyş jaýlarynyň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş ulgamlaryny kadaly
işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen bökdençsiz
üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň ýagdaýy hakynda hasabat
berildi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda toplumlaýyn
çemeleşmäniň üpjün edilmeginiň ekinlerden bol hasyl almaga ýardam berýändigini
belledi we häzirki wagtda welaýatda dowam edýän agrotehniki çäreleriň ýokary
hilli ýerine ýetirilmegini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy. Döwlet Baştutanymyz
ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara
laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan
desgalardaky gurluşyk işleriniň öz wagtynda ýerine ýetirilmegini gözegçilikde
saklamak barada-da tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew sebitde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň oba hojalyk pudagyny yzygiderli ösdürmek, ekinleriň
hasyllylygyny ýokarlandyrmak babatda öňde goýan wezipelerinden ugur alnyp,
welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleri dowam edýär. Bu işleriň çäklerinde
bugdaý ekilen meýdanlarda degişli ideg işleri agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm, tekizleýiş, çil
çekmek, ýuwuş suwuny tutmak, topragy mineral dökünler bilen gurplandyrmak
işleri ýerine ýetirilýär. Ýazky ekiş möwsüminde we ideg işlerinde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak ugrunda degişli çäreler görülýär. Şeýle-de
häkim gyş paslynyň dowam edýän günlerinde welaýatyň çägindäki ýaşaýyş
jaýlarynyň, edara-kärhanalaryň, medeni-durmuş maksatly binalaryň ýyladyş
ulgamlaryny talabalaýyk işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz
suwy bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça görülýän çäreler, «Türkmenistanyň
Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmegiň Maksatnamasyna», Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmeginiň ekinlerden ýokary hasyl almak bilen bir hatarda, ýer-suw serişdelerinden hem netijeli peýdalanmaga mümkinçilik berýändigini belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi. Mundan başga-da, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, welaýatda ýerine ýetirilýän işleri gözegçilikde saklamak babatda degişli görkezmeler berildi.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi.
Nygtalyşy ýaly, sebitde
bugdaýyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek üçin ekin meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda sürüm we
tekizleýiş işleri ýerine ýetirilýär. Pagta öndürijileri ýokary hilli gowaça
tohumy bilen üpjün etmek, ýazky oba hojalyk işlerinde ulanyljak tehnikalary
möwsüme doly taýýar etmek boýunça zerur işler alnyp barylýar. Welaýatda
ösdürilip ýetişdirilen gant şugundyrynyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, ony
gaýtadan işlemek babatda zerur çäreler görülýär. Mundan başga-da, häkim
welaýatdaky ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş
ulgamlaryny kadaly işletmek, ilaty elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy
bilen bökdençsiz üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işler, Oba milli
maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda dowam edýän gurluşyk
işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsümiň
agrotehniki möhletlerde geçirilmeginiň zerurdygyny aýtdy we welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, welaýatda
şu ýyl üçin meýilleşdirilen işleriň talabalaýyk, öz wagtynda ýerine
ýetirilmegini üpjün etmek barada tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” diýlip yglan edilen täze ýylda ýurdumyzda
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý
ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, hususan-da,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Şunda oba hojalyk
tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Gowaça ekişine
taýýarlyk görmegiň çäklerinde sürüm, tekizleýiş, topragy mineral dökünler bilen
gurplandyrmak işleri dowam edýär. Ekiş möwsüminde pagta öndürijileri ýokary
hilli gowaça tohumy bilen üpjün etmek üçin ähli zerur işler alnyp barylýar.
Ýazky ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme taýýarlamak we
talabalaýyk saklamak boýunça hem zerur çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün edýän oba hojalyk pudagynyň
milli ykdysadyýetimizdäki strategik ornuna ünsi çekdi we wise-premýere pudagy
mundan beýläk-de döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, möwsümleýin oba hojalyk işlerine ýene-de
bir gezek ünsi çekdi hem-de welaýatlaryň bugdaý meýdanlarynda ideg işlerini
talabalaýyk geçirmegiň, gowaça ekiljek ýerlerde sürüm we tekizleýiş işlerini
agrotehniki kadalara laýyk ýerine ýetirmegiň, pagta öndürijileri ýokary hilli
gowaça tohumlary bilen ýeterlik möçberde üpjün etmegiň, ýaz ekişinde ulanyljak
oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme talabalaýyk taýýarlamagyň möhümdigini
belledi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz
welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň
arasynda 2024-2025-nji ýyllaryň pagta, 2025-2026-njy ýyllaryň bugdaý hasyly
üçin ýerine ýetirilen işler boýunça hasaplaşyklaryň geçirilişini berk
gözegçilikde saklamagy, Mary welaýatynda ýetişdirilen gant şugundyrynyň
hasylyny öz wagtynda ýygnap almak boýunça zerur çäreleri görmegi, welaýatlarda
ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň ýyladyş ulgamlarynyň kadaly
işleýşini hem-de ilatyň elektrik energiýasy, tebigy gaz we agyz suwy bilen
üpjünçiligini aýratyn gözegçilikde saklamagy, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga
berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalarda
gurluşyk işleriniň barşyna berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala
abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov