Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan işler
bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam
edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ösdürilip
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur
taýýarlyk işleri geçirildi. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly
güýjünde işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady
bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek hem-de ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri dowam edýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin we sport çärelerine,
şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri
barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän
möwsümleýin oba hojalyk işlerinde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň möhümdigini belledi hem-de bu babatda häkime anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda welaýatda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga
guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk
tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatda pile öndürmek boýunça bellenilen
meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda
taýýarlanylan piläni kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur
alnyp, welaýatda ýeralma we gök-bakja ekinlerine ideg etmek, şeýle hem
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk we sport çärelerine, şeýle
hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki
talaplaryň berk berjaý edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk
görülmegini esasy wezipeleriň hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli
tabşyryklary berdi.
Soňra
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, galla oragyny ýokary hilli we guramaçylykly geçirmek maksady bilen,
häzirki wagtda welaýatda galla kabul ediş kärhanalary, däne ýygýan kombaýnlar,
beýleki tehnikalar möwsüme doly taýýar edildi. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, otag, ýekelemek işleri geçirilýär. Şonuň bilen
bir hatarda, gowaça ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
boýunça taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatda şaly ekişini bellenen
möhletde geçirmek üçin hem zerur çäreler görülýär. Pile öndürmek möwsüminiň
çäklerinde şu günler ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna
tabşyrmak işine girişildi. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma
we gök-bakja ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
etmek we suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere hem-de çagalaryň
tomusky dynç alyş möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda dowam edýän
jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we şunuň bilen baglylykda, häkime welaýatyň
ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini
yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, ýekelemek, otag, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan
netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarynda ideg etmek işleri bilen birlikde, irki ýetişdirilen ýazlyk
ýeralmanyň hasylyny ýygnap almak boýunça zerur çäreler görülýär.
Mundan
başga-da, häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped
güni mynasybetli guraljak çärelere, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli
geçirilmeginiň oba hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy
şertleriň biridigini belledi hem-de häkime bu ugurda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan
yhlasy bilen ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen,
zerur taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny
tutmak işleri utgaşykly ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalarynyň
netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Şeýle hem ýetişdirilen pile
hasylyny döwlet harmanyna tabşyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Şonuň bilen bir
hatarda, welaýatyň ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekilen meýdanlarynda ideg etmek,
şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär.
Şeýle
hem häkim welaýatda Çagalary goramagyň halkara güni, Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli geçiriljek dabaraly çärelere hem-de çagalaryň tomusky dynç alyş
möwsümine görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, häkime gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg
işleriniň ýokary hilli geçirilmegini, şeýle hem galla oragy möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek hem-de
ýetişdirilen bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk
işleri geçirildi. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary,
elewatorlar we bugdaý daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine
taýýar edildi. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda degişli ideg işleri,
hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu
ugurda oba hojalyk tehnikalary we gurallary netijeli işledilýär. Şunuň bilen
birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edip, Lebap welaýatynda bu
möwsüme taýýarlyk görülýär. Bu işler bilen bir hatarda, welaýatlarda
ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça
işler alnyp barylýar. Welaýatlaryň ýeralma, gök-bakja we beýleki azyklyk
ekinleri ekilen meýdanlarynda ideg etmek, şeýle hem ýetişdirilen hasyly ýygnap
almak işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ekerançylyk
meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda ýerine ýetirilmeginiň, bu
işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň, ýer-suw
serişdeleriniň netijeli peýdalanylmagynyň, önümçilige innowasion usullaryň
yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden bol hasyl almaga, oba hojalyk
önümçiligini durnukly ösdürmäge we netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da
pugtalandyrmaga ýardam berýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda,
wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy
möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de welaýatlarda bu jogapkärli
möwsüme gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle
hem hormatly Prezidentimiz gowaça meýdanlarynda ideg işleriniň talabalaýyk
geçirilmeginiň möhümdigini belläp, hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek we ösüş suwuny tutmak işleriniň agrotehniki möhletlerde
geçirilmegini berk gözegçilikde saklamagy, gowaça zyýan berijileriň öňüni almak
boýunça işleri öz wagtynda geçirmegi, Balkan, Daşoguz we Mary welaýatlarynda
döwlete pile tabşyrmagyň depginini güýçlendirmegi tabşyrdy. Şunuň bilen
birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişiniň agrotehniki talaplara laýyk
geçirilmegini gazanmagyň, welaýatlarda pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat
ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň
wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerurdygy bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek hem-de
ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň alnyp barlyşynyň hem ünsden
düşürilmeli däldigini nygtap, Çagalary goramagyň halkara güni hem-de Bütindünýä
welosiped güni mynasybetli welaýatlarda göz öňünde tutulýan çäreleri ýokary
derejede geçirmek üçin gowy taýýarlyk görmegi, şeýle hem çagalaryň tomusky dynç
alyş möwsümine taýýarlyk işleriniň alnyp barlyşyna berk gözegçilik etmegi
tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny tamamlap, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov.