Düýn
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda
ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler bilen
baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki
bilen, Ahal welaýatynyň häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla oragy möwsümine taýýarlyk görmek maksady bilen zerur
guramaçylyk çäreleri geçirildi. Tohumlyk ekilen bugdaýyň hasylyny talabalaýyk
ýygnap almak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri geçirilýär. Bu
agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Şunuň
bilen birlikde, pile möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş
nokatlaryna tabşyrmak işleri dowam edýär. Welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja
ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin işleriň agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda geçirilmeginiň, şunda oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli
peýdalanmagyň zerur talap bolup durýandygyny belledi hem-de bu babatda birnäçe
tabşyryklary berdi.
Soňra
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradowa söz berildi. Häkim, ilki bilen, Eýran
Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýaty bilen Balkan welaýatynyň arasynda
söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamanyň çäklerinde
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak
üçin 14 — 16-njy maý aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatyna
iş saparyny amala aşyrmaga döredilen mümkinçilik üçin hormatly Prezidentimize
hem-de Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra
häkim Balkan welaýatynda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda tohumlyk bugdaýyň hasylyny bildirilýän talaplara
laýyklykda ýygnap almak, saklamak maksady bilen degişli taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda piläni kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak
işleri dowam edýär. Ýurdumyzda ýeralma, gök-bakja önümleriniň öndürilýän
möçberini artdyrmak barada öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, häzirki wagtda
sebitde bu ekinlere ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine
ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim welaýatyň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabarasyny
guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk önümçiliginiň ähli tapgyrlarynda
agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý edilmeginiň ekinlerden bol we ýokary
hilli hasyl almagyň, oba hojalygyny netijeli ýöretmegiň esasy şertleriniň biri
bolup durýandygyna ünsi çekdi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew sebitdäki möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, welaýatda galla oragyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, häzirki
wagtda galla kabul ediş kärhanalaryny, däne ýygýan kombaýnlary, beýleki
tehnikalary möwsüme taýýarlamak işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi dowam edip, bu
möwsümi bellenen möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şu günler
ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri dowam edýär.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg etmek, suw tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim
25-nji maýda welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny ýokary derejede geçirmek babatda
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gowaça ideg işleriniň talabalaýyk geçirilmegini,
bugdaý oragy möwsümine ykjam taýýarlyk görülmegini ileri tutulýan wezipeleriň
hatarynda kesgitledi hem-de bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi M.Annanepesow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitde galla oragy möwsümine taýýarlyk işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Gögeriş alnan meýdanlara hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleri ýerine ýetirilýär. Hormatly Prezidentimiziň
ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak barada öňde goýan
wezipelerinden ugur alnyp, welaýatyň ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlaryna ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim 2024-2025-nji
okuw ýylynyň tamamlanmagy mynasybetli “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly
geçirmek boýunça görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm
ähmiýetine ünsi çekdi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan
agrotehniki çäreleriň, hususan-da, gowaça ideg işleriniň ýokary hilli alnyp
barylmagyny, galla oragyna talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi
tabşyrdy.
Mary
welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, sebitde galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek boýunça taýýarlyk
işleri alnyp barylýar. Bu işleriň çäklerinde galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar,
däne ýygýan kombaýnlar, awtoulaglar we beýleki tehnikalar möwsüme taýýar
edildi. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak, talabalaýyk saklamak
üçin taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi,
otag etmek, ýekelemek işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de welaýatda ýetişdirilen
pile hasylyny ýygnap almak, döwlet harmanyna tabşyrmak işleri dowam edýär.
Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekilen meýdanlara ideg etmek, ýetişdirilen hasyly
ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim 25-nji maýda
welaýatda “Soňky jaň” dabarasyny guramaçylykly geçirmek boýunça görülýän
taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda alnyp
barylýan ideg işleriniň ýokary hilli we guramaçylykly geçirilmeginiň, şunda oba
hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň, bugdaý oragy möwsümine
guramaçylykly girişilmeginiň möhümdigini belledi hem-de degişli tabşyryklary
berdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda galla kabul ediş kärhanalary, elewatorlar, bugdaý
daşamakda ulanyljak awtoulaglar galla oragy möwsümine taýýar edildi. Şunuň bilen
birlikde, tohumlyk bugdaýyň hasylyny talabalaýyk ýygnap almak, saklamak boýunça
degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Ýurdumyzyň gowaça ekilen meýdanlarynda
hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli
işledilýär. Şunuň bilen birlikde, Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär.
Pile möwsüminiň çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak hem-de
döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler dowam edýär. Diýarymyzda ýeralmanyň,
gök-bakja, beýleki azyklyk ekinleriň bol hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady
bilen, häzirki wagtda ekerançylyk meýdanlarynda bu ekinlere ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri alnyp barylýar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli
durmuşa geçirmek, pudagy döwrüň talabyna laýyklykda ösdürmek boýunça öňde
durýan wezipeleriň toplumlaýyn çemeleşmäni, täzeçil çözgütleri talap
edýändigini belledi we wise-premýere möwsümleýin işleriň ýokary hilli,
guramaçylykly alnyp barylmagyny yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, galla oragy
möwsüminiň ýetip gelýändigine ünsi çekdi hem-de möwsüme gowy taýýarlyk görüp,
ony guramaçylykly geçirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly
Prezidentimiz welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag etmek işleriniň agrotehniki talaplara laýyk alnyp barlyşyny berk
gözegçilikde saklamagy, gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly
güýjünde işletmek üçin zerur çäreleri görmegi, welaýatlaryň bugdaý
meýdanlarynda ýetişdirilen tohumlyk bugdaý hasylyny bildirilýän talaplara laýyk
ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle-de döwlet Baştutanymyz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen
agrotehniki möhletlerde geçirmegiň, sebitlerde pile taýýarlamak boýunça
netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler bilen hyzmat ediji
edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin hasaplaşyklaryň
wagtynda geçirilmegini üpjün etmegiň zerur talap bolup durýandygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz ýeralma we beýleki gök-bakja ekinlerine ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly zaýasyz ýygnap almak işleriniň wagtynda geçirilmegine pugta
gözegçilik etmegi, 25-nji maýda welaýatlardaky orta mekdeplerde «Soňky jaň»
dabarasyny guramaçylykly geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara
berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri
arzuw etdi.
tdh.gov.