Düýn hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş
maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp
barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň häkimi
T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg işleri bilen bir hatarda, tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak,
talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri-de alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça
ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek işleri dowam
edýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde işledilýär. Pile
möwsüminiň çäklerinde taýýarlanylan piläni kabul ediş nokatlaryna tabşyrmak
işine guramaçylykly girişildi. Şeýle-de häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň
we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly çärelere
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ekerançylyk meýdanlaryndaky möwsümleýin işlerde agrotehniki kadalaryň berjaý
edilmeginiň oba hojalygyny netijeli alyp barmagyň esasy şertleriniň biridigini
belledi we häkime degişli tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow
welaýatdaky möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitiň
bugdaý ekilen meýdanlarynda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine
ýetirilýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almaga, ony talabalaýyk saklamaga
taýýarlyk görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş
alnan meýdanlarda bolsa hatarara bejergi, otag etmek we ýekelemek işleri ýerine
ýetirilýär. Bu agrotehniki çärelerde oba hojalyk tehnikalary doly güýjünde
işledilýär. Şunuň bilen birlikde, ýüpek gurçugyna ideg etmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle hem häkim Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
güni mynasybetli welaýatda geçirilmegi göz öňünde tutulýan dabaraly çärelere
taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň, bu işlerde
kuwwatly tehnikalardan netijeli peýdalanmagyň zerurdygyny belledi hem-de bu
babatda degişli tabşyryklary berdi.
Daşoguz welaýatynyň häkimi D.Babaýew welaýatda
alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde bugdaýyň bol
hasylyny ösdürip ýetişdirmek maksady bilen, ak ekin meýdanlarynda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ösüş suwuny tutmak işleri
alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak hem-de talabalaýyk
saklamak boýunça taýýarlyk işleri dowam edýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatda şaly ekişi guramaçylykly
dowam edip, ekiş geçiriljek ýerlerde sürüm, tekizleýiş we suw tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Pile boýunça bellenen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek
maksady bilen, şu günler ýüpekçi kärendeçiler tarapyndan ýüpek gurçugyna ideg
etmek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň
güni mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri guramaçylykly geçirmek
babatda-da degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, pagta
we bugdaý ýaly aýratyn ünsi talap edýän ekinlere ideg işleriniň agrotehnikanyň
kadalaryny berk berjaý etmek arkaly geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we
häkime birnäçe tabşyryklary berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi M.Annanepesow
welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri geçirilýär. Ýetişdirilen
tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk saklamak üçin
ýöriteleşdirilen galla kabul ediş nokatlary möwsüme doly taýýar edildi. Şunuň
bilen birlikde, galla oragynda ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny möwsüme
taýýarlamak boýunça zerur çäreler görülýär. Welaýatyň gowaça ekilen
meýdanlarynda kadaly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, gögeriş suwuny tutmak,
hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba
hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Sebitde
ýetişdirilen pile hasylyny ýygnamak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli
welaýatda meýilleşdirilýän medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek maksady bilen, meýilnama esasynda taýýarlyk işleri dowam
edýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
bugdaýa we gowaça ideg etmek işleriniň ýokary hilli geçirilmeginiň möhümdigini
belledi hem-de bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi.
Mary welaýatynyň häkimi B.Orazow welaýatda
dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, bugdaý ekilen meýdanlarda
ideg işleri dowam edýär. Tohumlyk bugdaýyň hasylyny ýitgisiz ýygnap almak,
talabalaýyk saklamak üçin taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça
ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag etmek, ýekelemek işleri geçirilýär.
Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Şeýle hem
welaýatda ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak
işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da, häkim Türkmenistanyň
Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek dabaraly
çärelere taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda, hususan-da, gowaça we bugdaý ekilen
meýdanlarda dowam edýän möwsümleýin işleriň ýokary hilli, guramaçylykly
geçirilmeginiň, bu ugurda oba hojalyk tehnikalarynyň netijeli işledilmeginiň
möhümdigini belledi hem-de häkime degişli tabşyryklary berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän möwsümleýin
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda welaýatlaryň
bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri alnyp barylýar. Tohumlyk bugdaý hasylyny ýygnap almak we talabalaýyk
saklamak boýunça taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda gögeriş
suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde hatarara bejergi, ýekelemek we otag etmek
işleri alnyp barylýar. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär.
Daşoguz welaýatynda şaly ekişi dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, pile
möwsüminiň çäklerinde Balkan we Daşoguz welaýatlarynda ýüpek gurçugyna ideg
etmek, Ahal, Lebap, Mary welaýatlarynda bolsa ýetişdirilen pile hasylyny ýygnap
almak işleri ýerine ýetirilýär. Howanyň gyzmagy bilen baglylykda, ýurdumyzyň
tokaý zolaklarynda, öri we ekin meýdanlarynda ýangynyň döremeginiň öňüni almak
maksady bilen, ýangyna garşy gorag zolaklaryny döretmek boýunça arassaçylyk,
sürüm işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp,
ýurdumyzda azyk bolçulygyny, gaýtadan işleýän senagaty çig mal bilen üpjün
edýän oba hojalyk pudagynyň milli ykdysadyýetimizdäki möhüm ornuna ünsi çekdi
we pudagy durnukly ösdürmegiň, önümçilige täze tehnologiýalary we ylmyň soňky
gazananlaryny giňden ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi hem-de wise-premýere
birnäçe tabşyryklary berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş maslahatyna
gatnaşyjylara ýüzlenip, welaýatlaryň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi,
ýekelemek, otag etmek işleriniň alnyp barlyşyny berk gözegçilikde saklamagy,
gowaça ideg etmekde oba hojalyk tehnikalaryny doly güýjünde işletmek üçin zerur
çäreleri görmegi, bugdaý ekilen meýdanlarda ideg etmek işleriniň agrotehniki
kadalara laýyk geçirilmegini üpjün etmegi, tohumlyk bugdaý hasylyny talabalaýyk
ýygnap almak, daşamak hem-de saklamak işlerine gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Şeýle-de hormatly Prezidentimiz Daşoguz welaýatynda şaly ekişini bellenen
möhletlerde geçirmegiň, welaýatlarda ýüpek gurçugyna ideg etmek, pile
taýýarlamak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, pagta we bugdaý öndürijiler
bilen hyzmat ediji edara-kärhanalaryň arasynda ýerine ýetirilen işler üçin
hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini gazanmagyň möhümdigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz howanyň gyzmagy bilen baglylykda, tokaý zolaklarynda, öri
we ekin meýdanlarynda ýangyn döremeginiň öňüni almak boýunça geçirilýän işleri
berk gözegçilikde saklamagy, welaýatlarda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we
Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi
tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov