Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
ýurdumyza resmi sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň daşary işler ministri
Sergeý Lawrowy kabul etdi.
Myhman
wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet
Baştutanymyza hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
Wladimir Putiniň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de rus
tarapynyň Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara, netijeli
hyzmatdaşlyga berk ygrarlydygyny nygtady. Mümkinçilikden peýdalanyp, diplomat
rus tarapynyň adyndan hormatly Prezidentimize Beýik Watançylyk urşunda
gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygy — öz gahrymanlarynyň hakydasyna uly sarpa goýýan
doganlyk halklaryň umumy baýramy mynasybetli Moskwada geçirilen dabaralara
gatnaşandygy üçin hoşallyk bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysyny
myhmansöýer türkmen topragynda mübärekläp, onuň ýurdumyza saparynyň hem-de göz
öňünde tutulan gepleşikleriň türkmen-rus gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz
Prezident Wladimir Putine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan edip,
Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistanyň strategik hyzmatdaşy bolup durýandygyny
belledi. Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk uzak möhletli häsiýete eýe bolup,
deňhukuklylyk, ynanyşmak, özara hormat goýmak ýörelgeleri esasynda guralýar.
Duşuşygyň
dowamynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşmalaryň
barşynda döwletara hyzmatdaşlygyň baý taryhy tejribä, dostlugyň we hoşniýetli
goňşuçylygyň berk binýadyna daýanýandygy nygtaldy. Syýasy dialog, şol sanda iki
ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ugry boýunça
köptaraply gatnaşyklar okgunly ösdürilýär. Parlamentara hyzmatdaşlyk amala
aşyrylýar, daşary syýasat edaralarynyň arasynda geňeşmeler işjeň geçirilýär.
Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy ikitaraplaýyn, şeýle hem
köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyk edýärler. Taraplaryň abraýly halkara
guramalaryň — BMG-niň, GDA-nyň we beýleki guramalaryň çäklerinde öňe sürülýän
halkara başlangyçlarydyr teklipleri özara goldaýandygy munuň aýdyň mysalydyr.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk
ýagdaýyny goldaýandygy üçin Russiýa Federasiýasyna tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi. Şeýle hem ýurdumyzyň başlangyjy bilen 2025-nji ýylyň BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan
edilendigi aýdyldy. Russiýa Federasiýasy hem degişli Kararnamanyň awtordaşy
bolup çykyş etdi. Ony durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanda we
ýurdumyzyň çäklerinden daşarda köp sanly çäreler guralýar. Şu ýylyň 12-nji
dekabrynda Aşgabatda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna
bagyşlanan halkara forum geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
rus tarapynyň bu foruma ýokary derejede gatnaşmagynyň onuň işine uly goşant
boljakdygyny nygtady.
Söwda-ykdysady
ulgam türkmen-rus gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Bu babatda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin täze mümkinçilikleri
açýan ägirt uly kuwwat bar. Şunda daşary ykdysady dialogy ilerletmäge ýardam
edýän bilelikdäki hökümetara toparyň uly orny we netijeli işiniň ähmiýeti
bellenildi. Şunuň bilen baglylykda, onuň nobatdaky mejlisini geçirmegiň
möhletlerini kesgitlemäge degişli meselä üns çekildi. Şeýle hem türkmen
halkynyň Milli Lideriniň şu ýylyň maýynda “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum
2025” XVI halkara ykdysady forumyna gatnaşmagynyň ähmiýeti bellenildi. Gahryman
Arkadagymyz Kazana saparynyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti
bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi.
Ulag-logistika
pudagy-da hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi. Bu
babatda halkara üstaşyr ulag geçelgelerini döretmek boýunça taslamalary durmuşa
geçirmek üçin ägirt uly mümkinçilikler bar. Ynsanperwer ulgam hem özara
gatnaşyklaryň möhüm ugry hökmünde görkezildi. Şunda ylym-bilim, medeniýet,
saglygy goraýyş ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk aýratyn orny eýeleýär. Şoňa görä,
taryhy-medeni gatnaşyklaryň iki ýurduň halklarynyň arasynda özara düşünişmegiň
özboluşly ýagdaýyny döretmäge ýardam edýändigi aýdyldy. Bellenilişi ýaly,
Türkmenistan we Russiýa Federasiýasy geljekde-de bu däp bolan gatnaşyklary
hemmetaraplaýyn goldamagy hem-de giňeltmegi göz öňünde tutýarlar.
Duşuşygyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa
Federasiýasynyň daşary işler ministri Sergeý Lawrow birek-birege iň gowy
arzuwlaryny beýan edip, dostlukly türkmen-rus gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de
okgunly ösdüriljekdigine we täze many-mazmun bilen baýlaşdyryljakdygyna ynam
bildirdiler.
*
* *
Düýn Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Russiýa Federasiýasynyň daşary
işler ministri Sergeý Lawrowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk
geçirildi. Gepleşikleriň gün tertibine döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmegiň möhüm meseleleri girizildi. Şunuň bilen baglylykda, taraplaryň
daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça ýola goýlan netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmaga, Daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky yzygiderli
geçirilýän duşuşyklary dowam etdirmäge çalyşýandygy bellenildi.
Duşuşygyň
jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Russiýa
Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň arasynda 2025-2026-njy ýyllarda
hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna gol çekildi.
Russiýa
Federasiýasynyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy türkmen diplomatlarynyň,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň
professor-mugallymlarynyň we talyplarynyň öňünde çykyş etdi. Saparyň çäklerinde
myhman “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna baryp gördi we “Baky şöhrat”
ýadygärligine gül goýmak dabarasyna gatnaşdy.
tdh.gov