Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

Täzelikler

Türkmenistanyň Prezidenti Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidentine gynanç bildirdi

31.01.2025
138

 Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa ýurduň Waşington şäheriniň Ronald Reýgan howa menziliniň golaýynda bolup geçen, köp sanly adam pidalaryna getiren pajygaly waka zerarly gynanç hatyny iberdi.

 Döwlet Baştutanymyz şu agyr pursatda, Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini beýan etdi.

tdh.gov


Bulary hem okaň