Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammite
gatnaşmak maksady bilen Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy.
Ýurdumyzyň
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gahryman Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan, parahatçylyk söýüjilige,
hoşniýetli goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasy strategiýasy
häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly
hyzmatdaşlyk bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň
«Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň
aýdyň güwäsidir.
Häzirki
wagtda Italiýa bilen Türkmenistanyň arasynda syýasy-diplomatik gatnaşyklar
ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasda, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler
Guramasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň hem-de beýleki
halkara düzümleriň çäklerinde üstünlikli ösdürilýär. Italiýa Türkmenistanyň
başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen köp sanly
Kararnamalaryň awtordaşy bolup çykyş etdi.
Şunuň
bilen birlikde, Italiýa Türkmenistanyň Ýewropada möhüm söwda hyzmatdaşlarynyň
biri bolup durýar. Ýurtlarymyzyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ösüş depgini
bilen tapawutlanýar. Iri italýan kompaniýalary köp ýyllaryň dowamynda türkmen
bazarynda netijeli iş alyp barýarlar.
Medeni-ynsanperwer
ulgamdaky hyzmatdaşlyk türkmen-italýan gatnaşyklarynyň aýrylmaz bölegi bolup
çykyş edýär. Iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli medeni çäreler
yzygiderli geçirilýär.
Tebigy
serişdeleriň baý gorlaryna, depginli ösýän ykdysadyýete eýe bolan we geografiýa
taýdan amatly ýerleşen Merkezi Aziýa ýurtlary bilen Italiýanyň arasyndaky
hyzmatdaşlyk taraplara öz mümkinçiliklerini has netijeli durmuşa geçirmäge
ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, bu hyzmatdaşlygyň sebitiň ýurtlaryna
öňdebaryjy tehnologiýalara, maýa goýumlara we senagat, energetika hem-de
infrastruktura ulgamlaryndaky tejribä ýol açýandygyny bellemek gerek.
«Ýaşyl»
ykdysadyýet, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri, durnukly ösüş we
sanlylaşdyrmak ulgamlaryndaky hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu
görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek
üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly
bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy
bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.
...Paýtagtymyzyň
Halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Birnäçe wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary Astananyň Nursultan
Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde «Merkezi Aziýa
— Italiýa» sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň
Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Haly düşelen ýodajygyň iki
tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Myhmansöýerligiň asylly
däbine görä, döwlet Baştutanymyza gül desseleri gowşuryldy.
Soňra
hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni ýokary derejeli duşuşygyň geçirilýän
ýerine — «Garaşsyzlyk» köşgüne bardy.
Köşgüň
eýwanynda döwlet Baştutanymyzy Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti
Kasym-Žomart Tokaýew mähirli garşylady.
Sammitiň
öňüsyrasynda bu ýerde hormatly Prezidentimiz Italiýanyň Premýer-ministri hem-de
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti bilen ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi.
Bilelikde
surata düşmek dabarasyndan soňra, wekiliýet Baştutanlary mejlisler zalyna
bardylar. Bu ýerde «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammit
geçirildi.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidentiniň başlyklyk etmeginde geçirilen sammitiň işine
Italiýa Respublikasynyň Premýer-ministri Jorja Meloni, Gyrgyz Respublikasynyň
Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon,
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew belent mertebeli myhmanlary
mübärekläp, şu günki sammitiň işine gatnaşýandyklary we şu görnüşdäki
hyzmatdaşlygy goldaýandyklary üçin hoşallyk bildirdi. Gazagystanyň döwlet
Baştutany sammitde söwda, maýa goýumlary, energetika, ekologiýa, ulag,
logistika, ylym-bilim ýaly ulgamlara degişli möhüm meseleleriň ara alnyp
maslahatlaşyljakdygyny aýdyp, munuň netijesinde anyk çözgütleriň kabul
ediljekdigine ynam bildirdi.
Soňra
sammite gatnaşyjylara söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylary mähirli mübärekläp,
foruma çakylygy hem-de myhmansöýerlik we işlemäge döredilen şertler üçin
Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe, şeýle hem «Merkezi
Aziýa — Italiýa» görnüşindäki birinji sammiti geçirmek baradaky başlangyjy üçin
Italiýa Respublikasynyň Ministrler Geňeşiniň Başlygy Jorja Melonä minnetdarlyk
bildirdi.
Döwlet
Baştutanymyz bu duşuşygyň Merkezi Aziýa döwletleriniň we Italiýanyň arasyndaky
özara bähbitli hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna
ynam bildirip, geljegi uly bolan bu görnüşiň çäklerinde köpugurly hyzmatdaşlygy
giňeltmäge Türkmenistanyň gyzyklanma bildirýändigini we ony ösdürmäge goşant
goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi
ýaly, häzirki döwürde Merkezi Aziýa döwletleri sebitiň durnukly we depginli
ösüşini üpjün etmek üçin şertleri döretmek maksady bilen, öz aralarynda işjeň
hyzmatdaşlyk edýärler. Astanada 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda geçen Merkezi
Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň altynjy konsultatiw duşuşygynyň jemleri
boýunça gol çekilen Bilelikdäki Beýannama we «Merkezi Aziýa — 2040» atly sebit
kooperasiýasynyň Konsepsiýasy oňa şaýatlyk edýär. Olar uzak möhletli döwür üçin
Merkezi Aziýa hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýär. Sebit hyzmatdaşlygynyň
häzirki döwürdäki has möhüm ugurlarynyň hatarynda syýasat we howpsuzlyk,
ykdysadyýet, ulag, howa, suw serişdeleri ulgamyndaky özara hyzmatdaşlygy
bellemek bolar diýip, hormatly Prezidentimiz sözüni dowam etdi.
Döwlet
Baştutanymyz howpsuzlyk ulgamyna ünsi çekip, Türkmenistanyň bu möhüm ugra onuň
bitewüligi we bölünmez häsiýeti nukdaýnazaryndan seredýändigini aýtdy hem-de
munuň halkara gatnaşyklaryň dünýä gurluşynda düýpli öňe gitmeleriň häzirki
döwründe aýratyn möhümdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, biz durnukly
howpsuzlygy üpjün etmegiň ýeke-täk hemmetaraplaýyn usulynyň Birleşen Milletler
Guramasy ulgamy bolup durýandygyna ynanýarys. Şu garaýyşdan ugur alyp,
Türkmenistan 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan
etmek baradaky teklip bilen çykyş etdi diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de
pursatdan peýdalanyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
2024-nji ýylyň mart aýyndaky Kararnamasy bilen makullanan bu başlangyjy goldan
taraplaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Türkmenistanyň Bitaraplygyň mümkinçiliklerini ulanmaga aýratyn
üns bermegi möhüm hasaplaýandygyny aýdyp, Bitaraplygyň öňüni alyş
diplomatiýasynyň düzüm böleklerini we işjeň parahatçylyk döredijilik işini öz
içine alýandygyna ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz şu
ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygyna bagyşlanyp halkara forumyň geçiriljekdigini, onda dünýä gurluşy, Ýer
ýüzüniň döwletleri bilen syýasy dialogyň medeniýetini ösdürmek, ynanyşmak
gatnaşyklaryny berkitmek babatda esasy meselelere serediljekdigini belledi
hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, sammite gatnaşýan döwlet we hökümet
Baştutanlarynyň ählisini bu foruma gatnaşmaga çagyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz sebit howpsuzlygy baradaky meselä geçip, Owganystandaky ýagdaýa
aýratyn üns çekdi we Türkmenistanyň bu ýurduň häzirki häkimiýetleri bilen
halkara dialogy ýola goýmak boýunça netijeli işleri geçirmegi dowam etmegi
möhüm hasaplaýandygyny aýtdy hem-de durnukly we ykdysady taýdan ösýän
Owganystanyň bütin halkara bileleşigiň bähbitlerine laýyk gelýändigine
ýurdumyzyň ynanýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan ugry boýunça ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamy, owgan ugry
boýunça demir ýollaryň gurluşygy ýaly iri sebit taslamalaryny durmuşa geçirmek
üçin Türkmenistanyň mundan beýläk-de zerur tagallalary etjekdigi, şeýle hem
owgan halkyna ynsanperwer kömegi bermek boýunça tagallalaryň
işjeňleşdirilmegini zerur hasaplaýandygy bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki ykdysady hyzmatdaşlygyň
meselelerine ünsi çekip, energetika, ulag, senagat, maliýe we hususy pudaklary
özara hyzmatdaşlygyň däp bolan möhüm ugurlarynyň hatarynda, sanly ulgam,
«ýaşyl» tehnologiýalar we emeli aň ýaly ulgamlary bolsa hyzmatdaşlygyň täze
ugurlarynyň hatarynda belledi.
Hormatly
Prezidentimiz energetika meselesini aýratyn belläp, Türkmenistanyň tebigy gazyň
ägirt uly gorlaryna eýe bolmak bilen, ony halkara bazarlara ibermegiň
ugurlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek syýasatyny durmuşa
geçirýändigini hem-de türkmen tebigy gazyny Ýewropa ugruna çykarmaga
gönükdirilen taslamalara möhüm ähmiýet berýändigini belledi.
Wodorod
energetikasy bilelikdäki işiň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde
bellenildi. Mälim bolşy ýaly, tebigy gaz ýakyn onýyllyklarda wodorody almagyň
esasy çeşmesi bolup galar diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we ýurdumyzyň bu
ugurda italiýaly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyga taýýardygyny
tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz ulag özara baglanyşygy baradaky meselä geçip, Türkmenistanyň
Aziýa — Ýewropa ugry boýunça hyzmatdaşlygyň täze görnüşlerine gatnaşmaga
gyzyklanma bildirýändigini belledi we şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Hazar sebitiniň üstünden geçýän «Orta geçelge» Ýewropa
taslamasynyň geljegi uly taslamalaryň biridigine ünsi çekdi.
Hyzmatdaşlygyň
möhüm ugurlarynyň biri-de ekologiýa we howa bolup durýar. Bar bolan senagat
kuwwatlyklarynyň energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak, sebitde suwdan rejeli
peýdalanmak, «ýaşyl» we serişde tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak
«Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan
ugurlaryna öwrülip biler diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Howa
tehnologiýalarynyň sebit merkezini döretmek boýunça başlangyjy öňe sürendigini
belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Merkezi Aziýa bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň medeni-taryhy
ugruna ünsi çekip, bu köpugurly hyzmatdaşlygyň tejribesiniň iki müň ýyldan
gowrak wagta uzalyp gidýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, Gadymy Rim bilen
Parfiýa şalygynyň arasyndaky gatnaşyklar hem taryhda uly yz galdyrdy.
Parfiýanyň paýtagtlarynyň biri häzirki Türkmenistanyň paýtagtynyň golaýynda
ýerleşen Nusaý şäheri bolupdyr. Şeýle hem XIII asyrda Merkezi Aziýa gelen we
hakykatda biziň sebitimizi beýleki Ýewropa ýurtlary üçin açan wenesiýaly Marko
Polonyň işleri uly taryhy gymmatlyga eýedir.
Hormatly
Prezidentimiz Beýik Ýüpek ýolunyň gülläp ösen döwründe Hytaýyň Sianyndan
gaýdyp, Rime we Wenesiýa çenli baran bu ýoluň Merkezi Aziýanyň çäginden
geçendigini aýtdy hem-de şunuň bilen baglylykda, biziň halklarymyzyň şeýle
özboluşly taryhy mirasynyň aýawly saklanylmaga we doly öwrenilmäge
degişlidigini belledi.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanda eýýäm otuz ýyldan gowrak wagt bäri italiýaly
arheologlaryň netijeli işleýändiklerini hem-de özara ylmy hyzmatdaşlyk işine
möhüm goşant goşýandyklaryny uly kanagatlanma bilen belledi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiz türkmen tarapynyň Rimde «Medeniýetleriň
gülläp ösüşi: bürünç zamanyndaky Margiana we Parfiýa şalygy. Türkmenistandaky
arheologik açyşlar» atly arheologik sergini guramagy maksat edinýändigini belläp,
bu serginiň halklarymyzyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagyna örän uly goşant
goşjakdygyna ynam bildirdi.
Bilim
ulgamy hyzmatdaşlygyň ýene-de bir geljegi uly bolan ugry hökmünde bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň arasyndaky we akademiki hyzmatdaşlygy goldaýandygyny tassyklady
hem-de Türkmenistanda italýan dilini öwrenmäge, italýan medeniýetine we
sungatyna uly gyzyklanma bildirilýändigini aýdyp, bu işe mundan beýläk-de
ýardam ediljekdigini belledi.
Çykyşynyň
ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Italiýa
Respublikasy bilen hemmetaraplaýyn özara hyzmatdaşlygy ikitaraplaýyn derejede
hem, «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň çäklerinde hem mundan beýläk-de
berkitmäge we giňeltmäge eýerýändigini ýene-de bir gezek tassyklady.
Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hormatly Prezidentimize çuň
many-mazmunly çykyşy we beýan eden anyk teklipleri hem-de özara bähbitli
hyzmatdaşlyk baradaky oňyn garaýyşlary üçin hoşallyk bildirdi.
Sammitde
çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa gadymy döwürlerden bäri Gündogar
bilen Günbatary birleşdirýän köpri bolmak bilen, sebitara dialogy ösdürmekde
möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda sebitimiz hoşniýetli goňşuçylyk we ählumumy
ösüş ýörelgelerine berk ygrarly bolup, halkara gatnaşyklaryň möhüm agzasy
hökmünde öz ornuny yzygiderli pugtalandyrýar.
Açyk
we netijeli häsiýetde geçen dialogyň dowamynda sammite gatnaşyjylar Merkezi
Aziýa döwletleri bilen Italiýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we
geljegi barada pikir alşyp, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň, maýa
goýumlary çekmegiň, telekeçiligi goldamagyň, energetika, suw serişdeleri,
durnukly oba hojalygy, saglygy goraýyş we ulag arabaglanyşygy ýaly ulgamlarda
netijeli çözgütleri işläp taýýarlamak üçin tejribe alyşmagyň möhümdigini
bellediler hem-de «Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşiniň özara bähbitli
hyzmatdaşlygy giňeltmäge täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirdiler.
«Merkezi
Aziýa — Italiýa» birinji sammitiniň jemleri boýunça Bilelikdäki Jarnama kabul
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň
maksatnamasyny tamamlap, Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa
menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline gelip
gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary mähirli
garşyladylar.
Şeýlelikde,
«Merkezi Aziýa — Italiýa» görnüşindäki sammit sebitiň ýurtlary bilen Italiýa
Respublikasynyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygy we halkara dialogy ösdürmekde
möhüm tapgyr boldy. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň bu sammite
gatnaşmagy Türkmenistanyň durnukly ösüşiň we abadançylygyň bähbidine köptaraply
halkara hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.
***
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş saparynyň
çäklerinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Ortaýer deňzini we
Gündogary öwreniş halkara assosiasiýasynyň (Italiýa) arasynda arheologiýa
barlaglary babatynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşygy; şeýle hem
Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen Turiniň Aziýa we Ýakyn Gündogar
ýurtlarynda gazuw-agtaryş işleri we arheologiýa barlaglary boýunça merkeziniň
(Italiýa) arasynda arheologik barlaglar babatynda hyzmatdaşlygy dowam etdirmek
hakynda Ylalaşygy özara alyşmak dabarasy boldy. Munuň özi iki ýurduň arasynda
medeni-ynsanperwer ulgamda yzygiderli ösdürilýän gatnaşyklaryň täze derejä
çykarylýandygynyň nobatdaky güwäsine öwrüldi.
tdh.gov.