03.06.2026
Şu gün ýurdumyzda
Bütindünýä welosiped güni bellenildi. Bu halkara sene mynasybetli paýtagtymyzda
geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy
onuň many-mazmunyny has-da artdyrdy. Geçirilmegi indi asylly däbe öwrülen bu
giň gerimli sport çäresi ilatyň beden we ruhy taýdan sagdynlygyny
pugtalandyrmaga ýardam bermek bilen bir hatarda, ýaşlaryň arasynda sagdyn
durmuş ýörelgesini wagyz etmekde, sport medeniýetini ösdürmekde hem möhüm
ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzyň bedenterbiýe we
sport ulgamyny ösdürmek boýunça başyny başlan özgertmeleri häzirki wagtda
hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Munuň
aýdyň mysaly hökmünde soňky ýyllarda paýtagtymyzda hem-de welaýatlarda
yzygiderli gurlup ulanmaga berilýän häzirki zaman sport-sagaldyş toplumlaryny,
ýurdumyzyň türgenleriniň halkara ýaryşlarda gazanýan üstünliklerini görkezmek
bolar.
Bütindünýä welosiped
güni welosportuň giňden wagyz edilmegine ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem,
Türkmenistanyň sportuň bu görnüşini ösdürmek boýunça halkara başlangyçlarynyň
üstünlikli durmuşa geçirilýändigini-de görkezýär. Şunuň bilen baglylykda,
ýurdumyzyň başlangyjy esasynda 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip
yglan edilmeginiň, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy
sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin
köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň
biragyzdan kabul edilmeginiň ähmiýetini bellemek gerek.
...«Garaşsyz, baky
Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň şu ajaýyp gününde
welosipedli ýöriş paýtagtymyzyň Çandybil şaýoly bilen Bekrewe köçesiniň
çatrygynda ýerleşýän “Welosiped” binasynyň ýanyndan badalga aldy. Bu ýere
Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň,
ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, şäher häkimliginiň,
jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw mekdepleriniň, köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we
halkara guramalaryň ýurdumyzdaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr
wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde
terbiýelenýänler, Ýaş olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän
orta mekdepleriň okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň
türgenleri, talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowy mübäreklediler. Soňra medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine
ýetirmeginde sagdyn durmuş ýörelgesini, ýurdumyzyň ösüşlerini wasp edýän
aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagly Gahryman
Serdarymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, bu asylly çärä gatnaşyjylar
paýtagtymyzyň Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola
düşdüler.
Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Bütindünýä welosiped güni
dostlugyň we parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent
ýörelgelerini dabaralandyrýan, jemgyýetimiziň agzybirligini, jebisligini
alamatlandyrýan şanly sene hökmünde milli senenamamyzda aýratyn orun eýeleýär.
Şonuň üçin-de eziz Diýarymyzda bu halkara baýram ýokary ruhubelentlikde giňden
bellenilýär. Bütindünýä welosiped gününiň şanyna köpçülikleýin
bedenterbiýe-sport we sagdyn durmuş, medeni çäreleriň geçirilmegi sagdynlygyň
hem-de ruhubelentligiň ýurdy hökmünde Garaşsyz döwletimiziň abraýyny has-da
belende göterýär.
Mälim bolşy ýaly, welosipedli ýörişler durmuş-ekologik taslamalary
goldamak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini dabaralandyrmak maksady bilen
amala aşyrylýan giň gerimli çäreleriň biridir. Ýurdumyzda hem bu asylly ýörelge
mynasyp dowam etdirilip, köpçülikleýin sport çäreleri döwlet derejesindäki
möhüm wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, welosipedli
ýörişleriň yzygiderli guralmagy adamlarda sporta höwesi artdyrmaga, sagdyn
durmuş ýörelgesini köpçülikleýin derejede dabaralandyrmaga şert döredýär.
Sportuň bu görnüşi dürli ýaşdaky adamlaryň saglygyny berkitmek, jemgyýetçilik
gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek üçin iň elýeterli hem-de netijeli ugurlaryň biri hasaplanýar.
Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak raýatlaryň gündelik durmuş işjeňligini
artdyrmaga, olaryň medeni taýdan dynç almagyny üpjün etmäge ýardam berýär. Ýaş
nesilleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagy olaryň geljekde ruhy
taýdan kämil şahsyýetler bolup ýetişmeginde uly ähmiýete eýedir. Çagalardyr
ýaşlaryň köpçülikleýin sport hereketine işjeň gatnaşmaklary olaryň sagdyn
ösüşine oňyn täsirini ýetirýär hem-de durmuşa kadaly uýgunlaşmagyna itergi
berýär.
Ýurdumyzda çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine aýratyn ähmiýet
berilýändigini nygtamak gerek. Hususan-da, döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk
raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy
bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara
hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bu ugurda durmuşa geçirýän giň
gerimli işleri munuň aýdyň mysalydyr. Ýakynda Bütindünýä welosiped güni
mynasybetli Gökderedäki “Çynar” çagalar dynç alyş merkezinde dynç alýan
Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna Milli Liderimiziň we haýyr-sahawat gaznasynyň
adyndan welosipedler gowşuryldy. Munuň özi olaryň köpçülikleýin
bedenterbiýe-sagaldyş, sport hereketine işjeň gatnaşmagyna giň ýol açyp,
ýurdumyzda ýaş nesilleriň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly kämil şahsyýetler
bolup ýetişmekleri ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändiginiň nobatdaky
beýany boldy. Şu gün Döwletliler köşgünde terbiýelenýän şol ýaşlar hem Gahryman
Arkadagymyzyň adyndan sowgat berlen welosipedlerde, hormatly Prezidentimiziň
göreldesine eýerip, welosipedli ýörişe uly ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Tutuş adamzadyň howanyň üýtgemegi ýaly ählumumy mesele bilen ýüzbe-ýüz
bolýan döwründe ulagyň ekologik taýdan arassa görnüşlerine geçmek möhüm
wezipeleriň biridir. Welosiped bolsa ulagyň iň netijeli görnüşleriniň biri
bolup, birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Welosiped diňe bir ulag serişdesi
bolman, eýsem, durnukly we ekologik taýdan arassa durmuş ýörelgesiniň
nyşanydyr. Onuň yzygiderli ulanylmagy daşky gurşawa ýetirilýän zyýany azaltmaga
mümkinçilik berýär. Ählumumy ekologik wehimler bilen baglylykda, ulag serişdesi
hökmünde welosipede geçilmegi hemmeler üçin sagdyn geljegi döretmegiň ýolunda
wajyp ädim bolup durýar. Şeýle köpçülikleýin çäreler ekologik meselelere ünsi
çekip, adamlary ulagyň bu peýdaly görnüşini saýlap almaga ruhlandyrýar.
Türkmenistan ekologik abadançylyga durnukly ösüşiň aýrylmaz şerti
hökmünde garaýar. Ýurdumyz halkara giňişlikde ekologiýa diplomatiýasyny we
durnukly ösüşi üpjün etmek barada ähmiýetli başlangyçlary yzygiderli öňe sürüp,
olary iş ýüzünde durmuşa geçirýän döwlet hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň
sebit hem-de dünýä derejesinde durnukly ekologik gurşawy kemala getirmäge
gönükdirilen başlangyçlary halkara jemgyýetçilik tarapyndan giňden goldanylyp,
milli, sebit, halkara derejede ekologiýa hem-de howa wezipelerini çözmäge
goşant goşýar. Şeýle hem ýurdumyz daşky gurşawy goramak boýunça halkara
konwensiýalara, şertnamalara we ylalaşyklara goşulmak bilen, bilelikdäki
tagallalara ygrarlydygyny iş ýüzünde tassyklaýar.
...Bellenilen ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny
paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen dowam etdi. Köpetdagyň dag etekleriniň gözel
görnüşleri, paýtagtymyzyň ajaýyp binagärlik keşbi ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny
belende göterýär.
Aziýanyň merjen şäheri bolan Aşgabatda amala aşyrylýan ägirt uly
gurluşyklar Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we häzirki döwürde hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, halkymyzyň
bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen durmuş ugurly döwlet syýasatynyň
aýdyň netijesidir. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat häzirki zaman, okgunly ösýän
şäheriň — geljegiň şäheriniň täsin nusgasyny özünde jemleýär. Onda gözellik,
oňaýlylyk, binagärligiň öňdebaryjy gazananlary, inženerçilik-tehniki gazanylanlar,
milli binagärligiň gadymdan gelýän däpleri sazlaşykly utgaşýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda işlenip taýýarlanylan
«Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, milli saglygy goraýyş ulgamynyň işi
yzygiderli kämilleşdirilýär. Şunda ilatyň saglygyny goramak, adamlaryň ömür
dowamlylygyny uzaltmak, jemgyýetiň hemmetaraplaýyn ösmegini üpjün etmek esasy
wezipe hökmünde kesgitlenendir. Halkyň saglygy diňe bir ýurduň baş baýlygy
bolmak bilen çäklenmän, eýsem, häzirki we geljek nesilleriň röwşen geljeginiň
hem berk binýadydyr.
Türkmenistanyň Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň
ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýär. Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy
ugurlarynyň biri bolan sport diplomatiýasy ýurtlaryň we halklaryň arasynda
parahatçylyk söýüjilikli, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagy maksat
edinýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ýola goýlan
welosport hereketi sebitde we halkara derejede ynsanperwer gatnaşyklary
berkitmegiň özboluşly serişdesi hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň bu ugurdaky
başlangyçlary dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan giňden goldanylyp, döwletara gatnaşyklarda
medeni diplomatiýanyň ösdürilmegine hem goşant goşýar.
...Hormatly Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky
Ruhyýet köşgüniň ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe
gatnaşyjylar ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan
her ýylyň 3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda
kabul edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de hormatly Prezidentimizi,
Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden gutladylar.
Döwlet Baştutanymyz hem olary bu sport baýramçylygy bilen gutlady we
Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen köpçülikleýin sport çäresine
gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere berk jan saglyk, üstünlik arzuw
etdi.
Şeýlelikde, şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimiziň agzybirliginiň,
jebisliginiň, halkymyzyň sagdyn durmuş ýörelgelerine, ynsanperwer gymmatlyklara
ygrarlydygynyň aýdyň güwäsi boldy.
tdh.gov