18.05.2026
Şu
gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda
Konstitusiýa binasyna we ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary
geçirildi.
Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistanyň täze taryhynda Konstitusiýanyň we Döwlet baýdagynyň
güni milli döwletliligiň dabaralanmagyny, halkymyzyň agzybirligini,
döredijilikli işlere ygrarlylygy alamatlandyrýar. Bu goşa baýram türkmen
jemgyýetiniň parahatçylyk, ösüş we ynsanperwerlik taglymlaryny baş ugur
edinýändigini görkezýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny ýurdumyzyň hukuk ulgamynyň
berk binýady bolup, özygtyýarlylygyň mizemezligini, raýatlaryň hukuklarynyň,
azatlyklarynyň goralmagyny, döwlet durmuşynyň ähli ulgamlarynyň yzygiderli
ösdürilmegini kepillendirýär. Baý taryhy tejribä esaslanýan Konstitusiýamyz
adamy iň ýokary gymmatlyk hökmünde yglan edip, döwletimizi ösdürmegiň ileri
tutulýan ugurlaryny kanunçylyk taýdan berkidýär.
Watanymyzyň
parahat asmanda belentde parlaýan mukaddes baýdagy türkmen halkynyň şöhratly
geçmişiniň, şu gününiň we beýik geljeginiň baş nyşanydyr. Onuň reňk
öwüşginlerinde, özboluşly haly göllerinde halkymyzyň ruhy ýörelgeleri —
parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, adalatlylyk, döredijilik, ýokary
ynsanperwerlik taglymlary öz beýanyny tapýar. Döwletliligiň bu iki beýik
nyşanynyň hormatyna goşa baýramçylygyň bellenilmegi olaryň mazmun taýdan
aýrylmaz baglanyşygyny alamatlandyrýar: Konstitusiýamyz jemgyýetimiziň ösüşiniň
hukuk çäklerini kesgitleýär, Döwlet baýdagymyz bolsa raýatlarymyzy täze zähmet,
döredijilik üstünliklerine ruhlandyrýar. Bu nyşanlar ýaş nesilde Watanymyza
bolan buýsanç duýgusyny terbiýeleýän kuwwatly birleşdiriji güýç bolup durýar.
Hormatly
Prezidentimiziň baýramçylyk mynasybetli halkymyza iberen Gutlagynda bellenilişi
ýaly, adamy jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy diýip ykrar edýän
Konstitusiýamyz hem-de Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, agzybirligimiziň,
jebisligimiziň ebedilik nyşany bolan Döwlet baýdagymyz biziň milli
mukaddesliklerimizdir. Täzelenişi we ýaşaýşy dabaralandyrýan ýaşyl reňkli
Döwlet baýdagymyzyň ýüzündäki dünýä nusgalyk haly gölleri milli mertebämiziň,
parahatçylygyň, abadançylygyň nyşany bolan zeýtun baldajyklary bolsa
ynsanperwerligimiziň dabaralanmasydyr. Biziň her birimiziň gursagymyzda Watana
bolan milli buýsanjy oýaryp, täze şöhratly menzillere ruhlandyrýan Döwlet
tugumyzda şekillendirilen bäş ýyldyz hem-de ýarymaý agzybirligimiziň we jebisligimiziň
sarsmaz kepilligidir.
“Esasy
Kanunymyz biziň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen
hemişelik Bitaraplygymyzyň, dünýäde giňden rowaçlanýan parahatçylyk
söýüjiligimiziň, hoşniýetli goňşuçylygymyzyň, müňýyllyklardan gözbaş alýan
milli ýörelgelerimiziň, demokratik taglymatlarymyzyň berk binýadydyr. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu mukaddesliklerimize daýanyp,
hukuk we dünýewi döwleti, adalatly raýat jemgyýetini gurýarys, giň möçberli
durmuş-ykdysady, syýasy-hukuk özgertmelerini üstünlikli amala aşyrýarys” diýip,
döwlet Baştutanymyz Gutlagynda nygtaýar.
Döwlet
baýdagy Garaşsyzlygymyzyň we Bitaraplygymyzyň, şöhratly geçmişimiziň, bagtyýar
döwrümiziň, beýik geljegimiziň belentligini, abraý-mertebämiziň synmazlygyny
alamatlandyrýan gymmatlygymyzdyr. Şoňa görä-de, gadymy haly gölleri, ýarymaý we
bäş ýyldyz, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan ykrar
edilen Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny aňladýan zeýtun
baldajyklary şekillendirilen ýaşyl tugumyz Watanymyzyň, merdana halkymyzyň
şan-şöhratyny dünýä ýaýýar.
Täze
taryhy eýýamda Türkmenistan giň möçberli ykdysady özgertmeleriň durmuş syýasaty
bilen sazlaşykly utgaşýan özboluşly ösüş nusgasyny kemala getirýär. Esasy
Kanunymyzdan gözbaş alýan asylly işler döwrebap şäherleriň, senagat,
ulag-logistika, durmuş düzümleriniň gurluşygynda öz beýanyny tapyp, Diýarymyzyň
keşbini düýpli özgerdýär. Konstitusiýanyň kadalaryny durmuşa geçirmegiň
çäklerinde ýurdumyzda milli kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmäge, ony halkara
hukugyň umumy ykrar edilen ölçeglerine doly laýyk getirmäge aýratyn üns
berilýär. Bu işler Türkmenistanyň dünýä giňişliginde ählumumy abadançylygy baş
ugur edinýän ygtybarly hyzmatdaş hökmündäki abraýyny has-da pugtalandyrýar.
...Irden
Köpetdagyň ajaýyp künjeginiň gözelligi bilen sazlaşykly utgaşýan Konstitusiýa
binasynyň ýanynda Mejlisiň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň, daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň
diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular, jemgyýetçilik
guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyplar,
medeniýet işgärleri, paýtagtymyzyň köp sanly ýaşaýjylary ýygnandylar.
Konstitusiýa binasynyň ýanynda merdana Watan goragçylary hatara düzüldiler.
Hormatly
Prezidentimiziň awtoulagy binanyň öňündäki baýramçylyk öwüşgininde bezelen ýere
gelýär. Hemmeler uly ruhubelentlik bilen döwlet Baştutanymyzy mähirli
mübärekleýärler. Hormatly Prezidentimiz haly düşelen ýoda boýunça ýörite ýere
geçýär. Ýodanyň iki tarapynda Watanymyzyň daýanjy bolan talyp ýaşlar hatara
durlar. Ýaş nesliň wekilleriniň elinde Döwlet baýdagymyz buýsançly parlaýar.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlanýar.
Döwlet
Baştutanymyz Watanymyzyň özygtyýarlylygynyň, döwlet esaslarynyň, demokratik
ýörelgeleriniň bitewüligini, halk häkimiýetliliginiň köpasyrlyk däplerini
alamatlandyrýan Konstitusiýa binasyna ajaýyp gül çemenini goýdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň göreldesine eýerip, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň
orunbasarlary, Mejlisiň, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň,
harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary, hormatly ýaşulular,
jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dabara gatnaşyjylaryň ählisi gül
desselerini we çemenlerini goýýarlar.Eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine
gönükdirilen giň gerimli maksatnamalary we taslamalary üstünlikli durmuşa
geçirýän merdana halkymyz bagtyýar durmuşyny hem-de ýagty geljegini ynamly
gurýar. Pederlerimiziň häzirki wagtda aýawly saklanylýan hem-de baýlaşdyrylýan
ruhy mirasy esasy Kanunymyza we Döwlet baýdagymyza aýratyn mukaddes güýç berýän
berk binýat bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň beýik akyldarlarynyň agzybirlik,
adalatlylyk, özygtyýarly döwlet baradaky wesýetleri şu günki ägirt uly işlerde
öz beýanyny tapýar. Adam mümkinçiliklerini hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlaryň
ukyp-başarnyklaryny açyp bilmekleri üçin ähli şertleri döretmek, bilimi, ylmy,
saglygy goraýşy, medeniýeti goldamak konstitusion kepillikler bilen berkidilen
ýurdumyzyň döwlet strategiýasynyň möhüm ugry bolup durýar. Adama, onuň
intellektual we beden saglygyna maýa goýumlar ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli
maksatnamalaryň özenini düzýär.
...Konstitusiýa
binasyna gül goýmak dabarasy tamamlanandan soňra, dabaralar Baş baýdak
meýdançasynda dowam etdi. Bu ýerde dünýäde iň belent baýdak sütünleriniň biri
ýerleşýär. 133 metr belentlikde Türkmenistanyň Döwlet baýdagy buýsançly
parlaýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulagy Baş baýdagyň
öňündäki meýdança gelýär. Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy mähirli
mübärekleýärler.
Türkmenistanyň
Döwlet senasy ýaňlanýar.
Hormatly
Prezidentimiz Baş baýdaga ajaýyp gül çemenini goýýar. Soňra dabara gatnaşyjylar
döwlet Baştutanymyzyň göreldesine eýerip, gül desselerini goýýarlar.
Halkymyz öz tuguna hemişe
aýawly garapdyr. Taryhda çuň kökleri bolan mukaddes baýdagymyz halkymyzyň
özbaşdak ösüşe, syýasy ugra bolan hukugyny alamatlandyrýar. Ýaşyl tugumyzyň
halkara forumlaryň we dünýäniň iri sport ýaryşlarynyň baýdak sütünlerinde
dabaraly parlamagy her bir türkmenistanlynyň kalbynda çuňňur buýsanç duýgusyny
döredýär. Ol ýurdumyzyň ähli ulgamlarda ýetýän belent sepgitlerini
alamatlandyrýar.
Döwlet Baştutanymyz hemmeleri şanly seneler bilen tüýs ýürekden gutlap, bu ýerden ugrady.
Bu beýik baýramy uly zähmet sowgatlary, täze üstünlikler bilen garşy alan halkymyz ertirki güne bolan synmaz ynamyny dünýä äşgär edýär. Konstitusiýamyz hem-de Döwlet baýdagymyz Watanymyzy parahatçylygyň, ösüşiň we abadançylygyň ýoly bilen täze belentliklere tarap alyp barýan ýolgörkeziji bolmagynda galýar.
tdh.gov