25.05.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
welaýatlarda alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradowa söz berildi. Ol welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragyna guramaçylykly girişmek hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen zerur taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda
alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, otag etmek,
ýekelemek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzda azyk
bolçulygyny has-da pugtalandyrmak maksady bilen, welaýatyň ýazlyk ýeralma,
gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam edýär. Mundan
başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy
mynasybetli geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işlerine
ünsi çekdi we galla oragyna ýokary guramaçylyk derejesinde taýýarlyk görmegiň,
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan agrotehniki çäreleriň
talabalaýyk alnyp barylmagynyň möhümdigini belläp, bu babatda häkime anyk
tabşyryklary berdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli
welaýatda medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary guramaçylykly geçirmek babatda
tabşyryklary berdi.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýygnap almaga guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri ýerine ýetirilýär. Bu ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinlerine ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda pile boýunça bellenilen meýilnamany üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, häzirki wagtda taýýarlanylan piläni ýygnamak işleri dowam edýär. Mundan başga-da, häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban baýramy mynasybetli dabaralara taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, gowaça ideg etmek işlerinde agrotehniki talaplaryň berk berjaý
edilmegini, galla oragy möwsümine gowy taýýarlyk görülmegini esasy wezipeleriň
hatarynda belledi we bu babatda häkime degişli tabşyryklary berdi. Hormatly
Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli dabaralary ýokary guramaçylyk
derejesinde geçirmek üçin zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.
Daşoguz welaýatynyň häkimi
D.Babaýew welaýatda alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi.
Nygtalyşy ýaly, galla oragyna
guramaçylykly girişmek üçin degişli taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Şunuň
bilen bir hatarda, welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, otag
etmek, ýekelemek işleri geçirilýär. Ýazlyk ýeralma we gök-bakja ekinleri ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, ýetişdirilen
hasyly ýygnamak üçin taýýarlyk işleri ýerine ýetirilýär. Pile möwsüminiň
çäklerinde ýetişdirilen pile hasylyny kabul ediş kärhanalaryna tabşyrmak işine
girişildi. Welaýatda şaly ekiş dowam edip, bu jogapkärli möwsümi bellenen
möhletde geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Şeýle-de häkim welaýatda
çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine we mukaddes Gurban baýramy mynasybetli
geçiriljek medeni-köpçülikleýin çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, oba hojalygynda dowam edýän jogapkärli möwsüme ünsi çekdi we
welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki çäreleriň talabalaýyk
geçirilmegini yzygiderli gözegçilikde saklamagy, galla oragy möwsümine
taýýarlykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da, Gurban
baýramy mynasybetli göz öňünde tutulýan medeni-köpçülikleýin çäreleri ýokary
guramaçylyk derejesinde geçirmek babatda degişli tabşyryklar berildi.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, şu günler
sebitde gallaçy babadaýhanlar tarapyndan ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylyny
ýitgisiz we öz wagtynda ýygnap almak üçin zerur taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara bejergi, ýekelemek,
otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Bu işlerde oba hojalyk tehnikalaryndan netijeli
peýdalanylýar. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg etmek
işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş
möwsümine hem-de Gurban baýramy mynasybetli çärelere taýýarlyk görlüşi barada
hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmeginiň oba
hojalyk önümçiliginiň netijeliligini kesgitleýän esasy şertleriň biridigini
belledi hem-de gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny,
galla oragyna guramaçylykly girişilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Şeýle-de
hormatly Prezidentimiz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda geçiriljek dabaraly
çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy
barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sebitde
galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek hem-de daýhan yhlasy bilen
ýetişdirilen bugdaý hasylyny ýitgisiz ýygnap almak maksady bilen, zerur
taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Welaýatyň gowaça ekilen meýdanlarynda hatarara
bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş
suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Şunda oba hojalyk tehnikalarynyň
netijeli işledilmegine aýratyn üns berilýär. Ýazlyk ýeralma, gök-bakja ekinleri
ekilen meýdanlarda ideg etmek, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri dowam
edýär. Şeýle hem häkim welaýatda çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümine, Gurban
baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gowaça meýdanlarynda alnyp barylýan ideg işleriniň
agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda geçirilmegini, galla oragy möwsümine
talabalaýyk taýýarlyk görülmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Mundan başga-da,
döwlet Baştutanymyz Gurban baýramy mynasybetli welaýatda medeni-köpçülikleýin
çäreleri we dabaralary ýokary guramaçylykly geçirmek üçin zerur işleri alyp
barmak babatda degişli görkezmeleri berdi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatlarda
galla oragyna başlamaga ak pata berendigi üçin hormatly Prezidentimize
ýurdumyzyň oba zähmetkeşleriniň, gallaçy babadaýhanlarynyň adyndan tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Soňra wise-premýer oba
hojalygynda dowam edýän möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi
ýaly, ýurdumyzda galla oragy möwsümini guramaçylykly geçirmek, ýetişdirilen
bugdaý hasylyny öz wagtynda ýygnap almak üçin degişli taýýarlyk işleri ýerine
ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri, hususan-da, hatarara bejergi, ýekelemek, otag etmek, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Bu
ugurda oba hojalyk tehnikalary netijeli işledilýär. Welaýatlaryň ýeralma,
gök-bakja, beýleki azyklyk ekinler ekilen meýdanlarynda ideg etmek,
ýetişdirilen hasyly ýygnap almak işleri ýerine ýetirilýär. Ýetişdirilen pile
hasylyny ýygnap almak we döwlet harmanyna tabşyrmak boýunça işler alnyp barylýar.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň öz wagtynda
ýerine ýetirilmeginiň, bu işlerde agrotehnikanyň kadalarynyň berk berjaý
edilmeginiň, önümçilige innowasion usullaryň yzygiderli ornaşdyrylmagynyň ekinlerden
bol hasyl almaga, netijede, ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmaga
ýardam berýändigini belledi hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işlerine ýene-de bir gezek ünsi çekdi we ýurdumyzyň ekerançylyk
meýdanlarynda ýaýbaňlandyrylan işleriň agrotehniki talaplara laýyklykda
geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov