Düýn Türkmenistanyň
Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly
Serdar Berdimuhamedow Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze
binalar toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk
hukuk derejesine esaslanýan, diňe goranyş häsiýetine eýe bolan Harby doktrina
laýyklykda, Milli goşunymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmak, harby we hukuk
goraýjy edaralary iň täze tehnikalar bilen üpjün etmek, harby gullukçylaryň
gulluk etmegi, ýaşaýyş-durmuşy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly işler
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Harby gullukçylar Watanymyzy goramak boýunça öz
borçlaryny ähli zatdan ileri tutup, mukaddes serhetlerimizde ýurdumyzyň hem-de
halkymyzyň polat galkany, synmaz daýanjy bolmak bilen, merdana
ata-babalarymyzyň şöhratly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýärler. Gahryman
Arkadagymyzyň “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýar”, “Watan goragy mukaddesdir”,
“Mertler Watany beýgeldýär” atly kitaplary bolsa ösüp gelýän ýaş nesilleri,
aýratyn-da, Watan goragçylaryny harby-watançylyk ruhunda terbiýelemekde, olarda
türkmen halkynyň gahrymançylyga beslenen asylly häsiýetlerini kemala getirmekde
möhüm ähmiýete eýedir.
Mälim
bolşy ýaly, 6-njy sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet
howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy
edaralaryň şu ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy. Mejlisiň dowamynda hormatly Prezidentimiz beýleki
meseleler bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygyna gowy
taýýarlyk görmegiň wajypdygyna ünsi çekdi we dabaraly harby ýörişiň ýokary
derejede, guramaçylykly geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Däp bolşy ýaly,
baş baýramymyz mynasybetli her ýyl geçirilýän dabaraly harby ýörişiň dowamynda
Watanymyzyň goranyş kuwwaty, halkymyzyň parahat we asuda durmuşynyň, mukaddes
serhetlerimiziň, Garaşsyzlygymyzyň gazananlarynyň goragynda duran harby
goragçylarymyzyň ýokary hünär ussatlygy, başarjaňlygy görkezilýär.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiziň paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ugur alan
dikuçary biraz salymdan Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň
açylyş dabarasynyň geçirilýän ýerine geldi.
Bu
ýerde Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew
Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň
açylmaga taýýardygy barada döwlet Baştutanymyza hasabat berdi. Belent
Serkerdebaşymyz hasabaty kabul edip, birikmäniň täze binalar toplumynyň esasy
girelgesine tarap ugrady. Bu ýerde «Serhet owazlary» aýdym-saz toparynyň ýerine
ýetirmeginde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Soňra ýerine ýetirilen
aýdymda ata Watanymyz, döwlet Baştutanymyzyň durmuşa geçirýän beýik işleri wasp
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz dabara gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda toý bagyny
kesdi we täze binalar toplumynyň ulanmaga berilmegine ak pata berdi.
Döwrebap
serhet birikmesiniň täze binalar toplumy dolandyryş binasyndan, nyzam
meýdançasyndan, naharhanadan, 300 orunlyk medeniýet öýünden, esgerler
ýatakhanasyndan, lukmançylyk nokadyndan, açyk sport meýdançasyndan, sport we
sagaldyş toplumyndan, awtoulaglar üçin duralgadan, gulluk, durmuş maksatly
binalardan ybarat bolup, olarda serhetçiler üçin amatly mümkinçilikler göz
öňünde tutulypdyr.
Döwlet
Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedow birikmäniň dolandyryş binasyna bardy we bu
ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy. Harby gullukçy ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyny wideogözegçilik enjamlary arkaly Döwlet
serhediniň goragyna gözegçilik edilişi bilen tanyşdyrdy.
Dolandyryş
binasynyň tehniki taýdan enjamlaşdyrylyşynyň, bu ýerde döredilen şertleriň
ýokary halkara ölçeglere doly laýyk gelýändigini bellemek gerek. Binanyň
döwrebap tehnologiýalar, iň täze enjamlar hem-de programmalar bilen üpjün
edilmegi Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylýandygynyň,
onuň ähli düzümlerine sanly ulgamyň üstünlikli ornaşdyrylýandygynyň aýdyň
mysalydyr. Döwrebap enjamlardyr aragatnaşyk serişdeleri Watanymyzyň
serhetlerinde gije-gündiziň dowamynda gözegçiligi amala aşyrmaga mümkinçilik
berýär. Munuň özi döwlet serhedinde ýagdaýy berk gözegçilikde saklamaga, onuň
ygtybarly goragyny üpjün etmäge ýardam berýär.
Harby
gullukçy döredilen ajaýyp şertler üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi hem-de Watan goragçylarynyň ýurdumyza mundan beýläk-de ak
ýürekden, wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdy. Hormatly Prezidentimiz harby
gullukça jogapkärli gullugynda üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy
Serdar Berdimuhamedow Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Bu ýerde hormatly Prezidentimize serhetçileriň adyndan ajaýyp türkmen halysy
sowgat berildi.
Soňra
döwlet Baştutanymyz esgerler ýatakhanasyna bardy we bu ýerde döredilen şertler
bilen tanyşdy.
Serhetçiler
üçin niýetlenen ýatakhananyň binalar toplumy döwrebaplygy bilen tapawutlanýar.
Onda serhetçileriň göwnejaý dynç almaklary, wagtyny peýdaly geçirmekleri üçin
ähli zerur şertler döredilipdir. Ýatakhananyň giňligi, ýagtylandyrylyşy,
esgerleriň dynç almagy üçin döredilen mümkinçilikler, otaglaryň ýerleşdirilişi
harby düzgünnamalaryň talaplaryna doly laýyk gelýär. Bu bolsa harby
gullukçylary mukaddes gulluk borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmäge
ruhlandyrýar. Şeýle-de ýatakhanada harby gullukçylaryň gündelik durmuş
hyzmatlaryny üpjün etmek üçin dellekhana, gündelik we möwsümleýin harby
lybaslary saklamaga niýetlenen, döwrebap mebeller bilen üpjün edilen birnäçe
otaglar bar. Mundan başga-da, degişli lybaslary we beýleki goşlary saklamak
üçin aýratyn bölümler göz öňünde tutulypdyr. Otaglar döwrebap ýyladyş we
sowadyş ulgamlary bilen üpjün edilipdir. Munuň özi harby gullukçylaryň ähli
ýaşaýyş-durmuş talaplaryny doly derejede kanagatlandyrmaga ýardam berýär.
Durmuş
taýdan hyzmat ediş otaglarynyň degişli enjamlar bilen üpjün edilendigi
bellärliklidir. Galkynyş otagy, baý gaznasy bolan döwrebap kitaphana hem harby
gullukçylaryň ygtyýarynda. Bu bolsa serhetçileriň medeniýetli dynç almaklaryna,
özlerini gyzyklandyrýan maglumatlar bilen tanşyp, bilimlerini artdyrmaklaryna
ýardam edýär. Kitaphanada Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň
watansöýüjilige ýugrulan kitaplarynyň ýerleşdirilmegi serhetçileriň watançylyk
ruhuny has-da belende göterýär. Ýurdumyzda döwlet serhetlerini ygtybarly
goramak, ýokary taýýarlykly serhetçi harby gullukçylary taýýarlamak işine möhüm
üns berilýär. Şunda serhetçileriň ýaşaýyş-durmuş, gulluk şertleriniň ýokary
derejede bolmagy ugrunda zerur tagallalar edilýär.
Soňra
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy ýokary derejeli söweşjeň
aýratynlyklary bolan, harby düzümleriň ygtyýaryna gelip gowşan täze harby
tehnikalar bilen tanyşdy.
Soňky
ýyllarda hormatly Prezidentimiziň başlangyjy esasynda amala aşyrylýan
özgertmeler netijesinde harby we hukuk goraýjy edaralary döwrebap tehnikalardyr
enjamlar bilen üpjün etmegiň hasabyna Milli goşunymyzyň kuwwaty
pugtalandyrylýar. Döwlet Baştutanymyz harby tehnikalaryň özboluşly
aýratynlyklary bilen tanyşlygyň dowamynda ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň mundan beýläk-de yzygiderli
berkidiljekdigini aýdyp, harby gullukçylaryň, söweşjeň tehnikalara erk edýän
ýaş esgerleriň, serkerdeleriň hünär derejesiniň yzygiderli kämilleşdirilmegi
bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi.
Şeýle
hem bu ýerde harby gullukçylar üçin niýetlenen dürli harby lybaslar görkezildi.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz harby lybaslaryň ýylyň dürli pasyllaryna
laýyklykda taýýarlanylmalydygyny, harby gullukçylaryň azyk üpjünçiliginiň
ýokary derejede bolmalydygyny nygtap, bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary
berdi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz täze serhet birikmesiniň esgerler naharhanasyna baryp gördi.
Naharhana
häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilipdir. Bu ýerde ýokumly tagamlary
taýýarlamak, serhetçileri talabalaýyk iýmitlendirmek üçin ähli zerur şertler
bar. Munuň özi naharlaryň çalt we ýokary hilli taýýarlanylmagy, ekologik
arassalygynyň saklanylmagy üçin amatly mümkinçilikleri döredýär. Täze binalar
toplumynyň naharhanasy häzirki döwrüň talaplaryna doly laýyk gelip, onda nahar
taýýarlamak, azyk önümlerini talabalaýyk saklamak üçin ýörite otaglar, ammarlar
göz öňünde tutulypdyr. Döwrebap naharhana sowadyş we ýyladyş ulgamlary, nahar
taýýarlamak işini ep-esli ýeňilleşdirýän döwrebap tehnologiýalaryň birnäçesi
bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem naharhanada dürli görnüşli tagamlary
taýýarlamak üçin enjamlaryň kämil görnüşleri göz öňünde tutulypdyr. Olar
gündelik bişirilýän naharlaryň köpdürlüligini üpjün eder. Naharhanada milli
tagamlaryň dürli görnüşleri taýýarlanylyp, olaryň tagamyna, ýokumlylyk
derejesine aýratyn ähmiýet berler. Munuň özi naharlaryň milli aşpezlik
ýörelgelerine laýyk gelmegini, has tagamly bolmagyny şertlendirer.
Hormatly
Prezidentimiziň belleýşi ýaly, Watan goragçylarynyň gulluk etmegi we dynç
almagy üçin has oňaýly şertleri döretmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň we
amala aşyrylýan harby özgertmeleriň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şonuň
esasynda şeýle döwrebaplaşdyrylan häzirki zaman desgalarynyň açylyp ulanmaga
berilmegi harby gullukçylar üçin edilýän aladalaryň aýdyň güwäsidir.
Serkerdeler
döwlet Baştutanymyza harby gullukçylar barada edýän aladasy üçin tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdiler hem-de Watana wepaly gulluk etjekdiklerine ynandyrdylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz toplumyň çägindäki harby gullukçylar we olaryň maşgala
agzalary üçin niýetlenen täze, döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna baryp gördi.
Türkmenistanyň
Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň
çäginde jemi 144 hojalyga niýetlenen 4 sany, 36 öýli döwrebap ýaşaýyş jaý
toplumy, dükan, oýun we sport meýdançasy göz öňünde tutulypdyr. Harby
gullukçylaryň göwnejaý gulluk etmekleri, döwrebap ýaşaýşy üçin ähli
amatlyklaryň döredilmegi hemişe üns merkezinde saklanýar. Toplumyň çäginde täze
ýaşaýyş jaýlarynyň bina edilmegi-de munuň anyk mysalydyr.
Täze
jaýlaryň binagärlik çözgüdine, bezegine uly üns berlipdir. Ýaşaýyş jaýlarynyň
myhmanlardyr çagalar üçin niýetlenen giň we ýagty otaglary döwrebap mebeller
bilen enjamlaşdyrylypdyr. Zerur bolan ähli şertler bilen üpjün edilen döwrebap
aşhana hem jaýlaryň gurluşyk işleriniň döwrüň ösen talabyna laýyk derejede
ýerine ýetirilendigini görkezýär. Serhet birikmesiniň çäginde harby
gullukçylaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin ähli zerur
şertler bar. Munuň özi Watan goragçylarynyň bedenini berkitmegi, şol sanda
sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaklary üçin has oňaýly şertleriň
döredilmegine uly ähmiýet berilýändiginiň güwäsidir.
Bagtyýar
serhetçi hormatly Prezidentimizi mähirli garşylady. Döwlet Baştutanymyz täze
jaýa göçüp gelen harby gullukçy we onuň maşgala agzalary bilen söhbetdeş bolup,
döredilen şertler bilen gyzyklandy.
Harby
gullukçy Watan goragçylarynyň mukaddes gulluk borjuny berjaý etmekleri, dynç
almaklary, maşgala agzalarynyň abadan durmuşda ýaşamaklary ugrunda döredilýän mümkinçilikler
üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we harby kasama wepaly bolup,
ýurdumyzyň asudalygyny goramak ýaly mukaddes wezipäni üstünlikli ýerine
ýetirjekdigine ynandyrdy. Täze jaýa göçüp gelmek bagty miýesser eden harby
gullukçynyň maşgala agzalary hem halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da
gowulandyrmak ugrunda edýän hemmetaraplaýyn aladalary üçin ýurdumyzyň Ýaragly
Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysyna hoşallyklaryny beýan etdiler.
Hormatly
Prezidentimiz serhetçiler we olaryň maşgalalary üçin amatly şertleri döretmek
boýunça işleriň yzygiderli dowam etdiriljekdigini aýdyp, täze jaýa göçüp gelen
maşgala agzalaryna sowgatlary gowşurdy. Olar ýagşy däp-dessurlara eýerip,
Arkadagly Gahryman Serdarymyza toý düwünçegini gowşurdylar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz toplumyň çäginde gündelik zerur bolan harytlaryň giň
görnüşlerini hödürleýän söwda nokadynyň işi bilen tanyşdy. Bu ýerde türkmen
telekeçileriniň öndürýän azyk we hojalyk harytlary, beýleki önümler alyjylara
hödürlenilýär. Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň ilaty azyk harytlary bilen
bökdençsiz üpjün etmek babatda berýän tabşyryklarynyň üstünlikli durmuşa
geçirilýändiginiň aýdyň beýanydyr.
Täze
ýaşaýyş jaýlarynyň daş-töweregi abadanlaşdyrylypdyr. Bu ýerde dürli gülleriň,
saýaly baglaryň ekilmegi ekologik abadançylygy saklamaga ýardam edýär. Şeýle
hem toplumda körpe nesilleriň dynç almaklary, sagdyn ösmekleri üçin niýetlenen
oýun meýdançasy hereket edýär. Sagdyn nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, ilaty
köpçülikleýin bedenterbiýä we sport hereketine giňden çekmek döwlet syýasatynyň
möhüm ugurlarynyň biridir. Bu babatda toplumda bina edilen sport meýdançasy
harby gullukçylaryň maşgala agzalarynyň saglyklaryny berkitmeklerini, wagtyny
peýdaly geçirmeklerini üpjün eder.
Toplumyň
çäklerinde lukmançylyk merkezi hem hereket edýär. Lukmançylyk merkeziniň
otaglary häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilendir. Onda
işlejek lukmanlar serhetçilere we olaryň maşgala agzalaryna ýokary derejeli
lukmançylyk hyzmatlaryny hödürlärler.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň başlygyna Sarahs
serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy mynasybetli täze
awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryny
Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar toplumynyň açylyp ulanmaga berilmegi
bilen tüýs ýürekden gutlady. Harby we hukuk goraýjy edaralaryň ýolbaşçylary
ýurdumyzyň asudalygyny, parahatçylygyny üpjün etmek boýunça mukaddes borjuny
abraý bilen berjaý etjekdiklerine ynandyrdylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemmelere üstünlikleri arzuw edip, bu
ýerden ugrady.
Şeýlelikde,
ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 34 ýyllygynyň öňüsyrasynda açylyp ulanmaga berlen
Türkmenistanyň Döwlet serhet gullugynyň Sarahs serhet birikmesiniň täze binalar
toplumy harby gullukçylar üçin ajaýyp toý sowgady bolmak bilen, Watanymyzyň
Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýadynyň barha kämilleşdirilýändiginiň,
harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertleriniň has-da gowulandyrylýandygynyň
nobatdaky aýdyň güwäsine öwrüldi.
tdh.gov