Eziz watandaşlar!
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi
asuda Watanymyzda giňden bellenilýän Medeniýet we sungat
işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni
mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn. Size berk jan saglyk,
maşgala abadançylygyny, döredijilikli zähmetiňizde uly
rowaçlyklary arzuw edýärin.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy
başlanan il-ýurt bähbitli beýik özgertmeler häzirki döwürde
üstünlikli dowam etdirilip, berkarar döwletimizde ähli
ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär, ýurdumyzyň halkara abraýy
has-da ýokarlanýar. Bitarap döwletimiz goňşy we dünýäniň beýleki
ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy, dostlukly
gatnaşyklary yzygiderli ösdürip, ählumumy parahatçylygy
pugtalandyrmak babatda giň gerimli işleri amala aşyrýar.
Halklaryň arasyndaky dost-doganlygy berkitmekde medeni
diplomatiýanyň ornuna uly ähmiýet berilýär.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda türkmen
medeniýetinde, sungatynda, edebiýatynda gazanylýan uly
üstünlikleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikler döredilýär. Bu
işleriň ählisi medeniýet ulgamynyň agzybir işgärleriniň
kalbynda egsilmez ylhama, çäksiz joşguna öwrülip, olary täze,
kämil eserleri döretmäge, döredijilikli we netijeli zähmet
çekmäge ruhlandyrýar. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda
Diýarymyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler, ýetilýän
belent sepgitler medeniýet we sungat işgärlerini hem örän
buýsandyrýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda durmuşa
geçirilýän taryhy özgertmeler, alnyp barylýan giň gerimli işler
medeniýet ulgamynyň ähli işgärlerini täze döredijilik
gözleglerine, belent maksatlara ruhlandyrýar.
Hormatly medeniýet we sungat işgärleri!
Her
ýylyň 27-nji iýunynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de
Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni bedew bady bilen ynamly öňe
barýan döwletli Diýarymyzda dabaraly bellenilýär. Bu goşa
baýramyň bellenilmegi medeniýete, sungata, edebiýata goýulýan
belent hormat-sarpanyň aýdyň nyşanydyr.
Gündogaryň
beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň ömrüni,
döredijiligini, baý edebi mirasyny hemmetaraplaýyn öwrenmek,
dünýä ýaýmak boýunça döwletimiz tarapyndan giň gerimli işler
alnyp barylýar. Biz geçen ýylda dana şahyryň doglan gününiň 300
ýyllyk şanly toýuny ýurdumyzda we daşary ýurtlarda giňden belläp
geçdik. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň
çuňňur pähim-paýhasyndan dörän «Magtymguly Pyragy»
medeni-seýilgäh toplumyny, akyldar şahyryň ýadygärligini
dabaraly ýagdaýda açyp ulanmaga berdik. Söz sungatynyň soltany,
ady äleme dolan dana Pyragynyň pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hiç
haçan ähmiýetini ýitirmejek gymmatlykdyr, nesilleri
watansöýüjilige, ynsanperwerlige, agzybirlige ündeýän
nusgalyk mekdepdir. Häzirki döwürde biz ýurdumyzyň döredijilik
bilen meşgullanýan medeniýet we sungat işgärleriniň,
ýazyjy-şahyrlaryň, žurnalistleriň, suratkeşleriň,
heýkeltaraşlaryň, bagşy-sazandalaryň, kompozitorlaryň, artistleriň
akyldar şahyryň çuň many-mazmunly eserlerinde öňe sürülýän
gymmatly pikirlerden ugur alyp döredýän döwrebap we kämil
eserlerine örän guwanýarys.
Medeniýet
ulgamyny ösdürmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň
biridir. Medeniýet edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli berkitmek, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň
alyp barýan işini kämilleşdirmek, medeni aň-bilim edaralaryny
ösdürmek, kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda, medeniýet
öýlerinde we beýleki medeni maksatly edaralarda işleýän
hünärmenleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak üçin döwletimiz
tarapyndan ähli şertler döredilýär. Häzirki döwürde ilata
döwrebap medeni hyzmatlary hödürlemekde, medeni-dynç alyş
çärelerini guramakda medeniýet edaralarynda alnyp barylýan
işler döwrüň talabyna görä yzygiderli kämilleşdirilmelidir. Bu ugurda
oba medeniýet öýlerine aýratyn orun degişlidir. Çünki olarda
geçirilýän çäreler adamlaryň kalbynda edebiýata we sungata söýgi
döretmekde, zehinli ýaşlary kemala getirmekde örän möhüm
ähmiýete eýedir.
Hormatly döredijilik işgärleri!
Häzirki
döwürde medeniýet we sungat işgärleri ýurdumyzyň medeni
durmuşyndaky ösüşlere uly goşant goşýarlar. Biz geljekde-de
medeniýet ulgamyny ösdürmek, döredijilik işgärlerini
höweslendirmek, olary maddy taýdan goldamak we amatly iş
şertlerini döretmek babatda ähli zerur işleri alyp bararys.
Hormatly adamlar!
Gadyrly medeniýet we sungat işgärleri!
Sizi
Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň
şygryýet güni mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden
gutlaýaryn. Size berk jan saglyk, maşgala ojaklaryňyza
abadançylyk, döredijilik işleriňizde uly üstünlikleri we
joşgunly kalbyňyzyň hemişe ylhamdan dolup durmagyny arzuw
edýärin.
Türkmenistanyň Prezidenti
Serdar BERDIMUHAMEDOW.
tdh.gov