Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Özbegistan
Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde
belent mertebeli myhman türkmen halkynyň myhmansöýerlik däplerine laýyklykda
garşylanyldy. Dostlukly ýurduň Lideri mähirli kabul edilendigi üçin türkmen
halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.
Gahryman Arkadagymyz belent mertebeli myhmany
mübärekläp, Özbegistanyň Prezidentini gadymy türkmen topragynda görýändigine
şatdygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň we olaryň doganlyk halklarynyň
taryhy gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýar.
Prezident Şawkat Mirziýoýew dünýä ähmiýetli
meseleleri özünde jemleýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň işine gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk
bildirip, Awazada geçirilýän halkara foruma gatnaşmagyň özi üçin belent
mertebedigini nygtady. Häzirki döwrüň möhüm meselelerini öz içine alýan bu
forum täze taryhy eýýamyň wajyp wakalarynyň biri hökmünde ykrar edildi. Munuň
özi Türkmenistanyň tutuş adamzat ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlarynyň dünýä
bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.
Bellenilişi ýaly, döwletara gatnaşyklar
sazlaşykly ösdürilýär, özara haryt dolanyşygynyň möçberi yzygiderli
artdyrylýar. Munuň özi hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ösüşiň hil taýdan
täze derejesine çykarylýandygyny görkezýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň
çäklerinde alnyp barylýan özara hereketleriň mundan beýläk-de ösdürilmegine
ähmiýet berilýändigi barada aýdyldy.
Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti we
Gahryman Arkadagymyz birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, iki ýurduň hem-de
olaryň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de giňeldiljekdigine
ynam bildirdiler. Şunda maslahatyň taryhy ähmiýetine aýratyn üns berildi. Onuň
netijeleri gatnaşýan ýurtlaryň ykdysady taýdan okgunly ösmegine ýardam eder.
tdh.gov