Düýn türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen
Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen duşuşdy.
Türkmenbaşynyň Halkara howa menzilinde belent
mertebeli myhman asylly däbe laýyklykda, duz-çörek bilen garşylanyldy. Türkmen
halkynyň Milli Lideri dostlukly ýurduň Baştutanyny mähirli mübärekläp, ony
türkmen topragynda görýändigine örän şatdygyny aýtdy.
Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali
Rahmon sazlaşykly ösüş ýoluna düşen we kuwwatly ykdysadyýeti bolan
Türkmenistanda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmaga çakylyk üçin hoşallyk bildirdi
hem-de dünýä ähmiýetli foruma gatnaşmagyň özi üçin uly mertebedigini nygtady.
Bellenilişi ýaly, häzirki döwürde döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn esasda işjeň ösdürilýär. Şunda abraýly halkara guramalaryň çäklerinde
ýola goýulýan hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet berilýär.
Duşuşygyň dowamynda Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyň işiniň netijeli boljakdygyna,
şeýle hem forumyň çäklerinde gazanyljak ylalaşyklaryň gatnaşyjy ýurtlaryň
ykdysadyýetleriniň durnukly ösmegine oňyn täsir etjekdigine ynam bildirildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Täjigistan
Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen
bellediler. Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany maslahatyň
çäklerinde garaljak meseleleriň özara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de
ilerledilmegine kuwwatly itergi berjekdigine ynam bildirdiler.
tdh.gov