Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler
boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew bilen duşuşdy.
Türkmenbaşy şäheriniň Halkara howa menzilinde
belent mertebeli myhmany Gahryman Arkadagymyz garşylady we dostlukly döwletiň
Baştutanyna Türkmenistanda geçirilýän halkara foruma gatnaşmaga çakylygy kabul
edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.
“Bu wekilçilikli maslahata gatnaşmak meniň
üçin uly mertebedir” diýip, dostlukly ýurduň Lideri aýtdy we Hazaryň kenarynda
geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahatynyň çäklerinde kabul ediljek çözgütleriň üstünlikli ýerine
ýetiriljekdigine ynam bildirdi.
Bellenilişi ýaly, halkara forumyň gün
tertibine häzirki döwrüň wajyp wezipelerini çözmäge gönükdirilen meseleler
girizildi. Onuň netijeleri ýurtlaryň arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygy
mundan beýläk-de giňeltmäge ýardam eder. Bu bolsa dünýä döwletleriniň
sazlaşykly ösmegine, halklaryň bagtyýar we abadan durmuşyny üpjün etmäge goldaw
berer. Belent mertebeli myhman türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin
hoşallyk bildirip, maslahatyň işine üstünlik arzuw etdi.
Gahryman Arkadagymyz we Gazagystan
Respublikasynyň Prezidenti birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip,
döwletara gatnaşyklaryň ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdüriljekdigine
ynam bildirdiler.
tdh.gov