06.11.2025
Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy mynasybetli
çäreleri ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk döwlet toparynyň
nobatdaky mejlisi geçirildi. Hökümet agzalarynyň gatnaşmagynda guralan mejlisiň
dowamynda halkara çärelere degişli guramaçylyk, hojalyk meseleleriniň giň
toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman
Arkadagymyz guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde garaljak meseleler barada
aýdyp, Garaşsyz ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygynyň
golaýlap gelýändigini we bu baýramyň giňden, dabaraly bellenilip geçiljekdigini
nygtady. “Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty alyp barmak
bilen, bu ugurda netijeli işleri durmuşa geçirip, wajyp başlangyçlary öňe
sürýär. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly»
atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi möhüm wakalaryň biri boldy. Bu
bolsa dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi goldamakda we
berkitmekde aýgytly ädime öwrüldi” diýip, Milli Liderimiz sözüni dowam etdi.
Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30
ýyllyk baýramy mynasybetli ýurdumyzda we dünýä döwletlerinde birnäçe halkara
çäreler yzygiderli geçirilýär. Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 12-nji dekabrynda
geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wekilçilikli forumynyň
döwletimiziň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny dünýä ýaýmakda uly ähmiýete
eýe boljakdygyny aýtdy. Bu halkara çäräni hem-de baýramçylyk dabaralaryny
ýokary derejede geçirmek üçin ähli tagallalaryň edilmelidigini, bu asylly işe
mynasyp goşant goşulmalydygyny belläp, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
degişli ýolbaşçylaryň gözegçilik edýän düzümlerinde bu ugurda alnyp barylýan
işler baradaky hasabatlaryny diňledi.
Milli
senenamamyzda möhüm orny eýeleýän hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny
ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek maksady bilen, ugurdaş düzümler bilen
bilelikde ähli zerur tagallalar edilýär. Şunda Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly hem-de Bitaraplyk baýramçylygy mynasybetli guraljak dabaralardyr
beýleki çäreleriň maksatnamasynyň işlenip taýýarlanylandygy barada hasabat
berildi. Şunuň bilen
baglylykda, şanly seneleriň hormatyna giň möçberli medeni çäreler we dabaralar
geçiriler. Aýratyn-da, halkara çärelere gatnaşýan myhmanlar üçin medeni-durmuş
hyzmatlarynyň ýokary derejesi üpjün ediler. Bu işlerde milli myhmansöýerlik
ýörelgeleri häzirki zamanyň ösen tejribesi bilen utgaşdyrylar.
Bitaraplyk baýramynyň şanyna
geçiriljek çärelere taýýarlygyň çäklerinde guraljak medeni-köpçülikleýin
çäreleriň maksatnamasynyň taýýarlanylmagyna toplumlaýyn esasda çemeleşilýär.
Şol bir wagtyň özünde halkara çäreleri giňden wagyz etmek möhümdir. Baýramçylyk
günlerinde işlejek meýletinçiler toparyny düzmek we onuň düzümine göreldeli ýaş
mugallymlary, işjeň talyplary seçip almak işleri ýaýbaňlandyryldy. Halkara
çärelere gatnaşjak myhmanlaryň aragatnaşygyň hem-de internetiň ýokary derejeli
mümkinçilikleri bilen üpjün edilmegine zerur üns berilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary
diňläp, şanly senäniň hormatyna guraljak dabaralaryň guramaçylygyna toplumlaýyn
esasda çemeleşilmelidigini, şunda hiç bir meseläniň ünsden düşürilmeli
däldigini nygtady. Gahryman Arkadagymyz hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi üç
gezek ykrar edilen ýurdumyzyň dünýäde uly abraýa eýedigini, birnäçe döwletler
bilen işjeň halkara hyzmatdaşlygy alyp barýandygyny aýdyp, şanly senäniň
hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine mynasyp goşant goşmak
ugrunda zerur tagallalaryň edilmelidigine ünsi çekdi. Şunda söwda we durmuş
hyzmatlarynyň medeniýeti ýokary halkara görkezijilere, milli myhmansöýerlik
däplerine laýyk gelmelidir. “Medeni-köpçülikleýin çärelerde Watanymyzyň ähli
ugurlar boýunça ýeten derejesi, ýurdumyzda gazanylýan üstünlikler, hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasatyň rowaç gadamlary öz beýanyny tapmalydyr. Baýramçylyk dabaralarynyň,
halkara çäreleriň geçişi metbugat giňişliginde yzygiderli wagyz edilmelidir”
diýip, Milli Liderimiz aýtdy we bu babatda maslahatlaryny berdi.
Gahryman Arkadagymyz
guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisiniň dowamynda baýramçylyk mynasybetli
geçiriljek çäreleriň dowamynda dürli görnüşli harytlar, milli tagamlar bilen
üpjünçilik meselelerine hem aýratyn üns berilmelidigini belläp, Aşgabat
şäherinde, welaýatlarda söwda nokatlaryny açyp, olarda dürli görnüşli
önümleriň, şol sanda sowgatlyk we ýadygärlik harytlaryň söwdasyny guramak
babatda maslahatlaryny beýan etdi. Şanly sene bilen bagly medeni-köpçülik çärelerini,
teatr çykyşlaryny ýokary derejede guramagyň, olary köpçülikleýin habar beriş
serişdelerinde hemmetaraplaýyn şöhlelendirmegiň, degişli neşir önümlerini
taýýarlamak boýunça işleri geçirmegiň zerurdygyna hem üns çekildi.
Milli Liderimiz baýramçylyk
günlerinde halkara ylmy-amaly maslahatlaryň guramaçylykly geçirilmelidigini,
halkara çärelere meýletinçi, terjimeçi hökmünde gatnaşjak mugallymlardyr
talyplaryň ýokary taýýarlygynyň üpjün edilmelidigini nygtady. Şunda myhmanlary
garşy almak we ugratmak meselesi berk gözegçilikde saklanmalydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy öňde boljak çäreleri we baýramçylyk
dabaralaryny ýokary derejede geçirmek üçin Aşgabat şäherinde bezeg hem-de
abadanlaşdyryş işlerini geçirmegiň möhümdigini aýdyp, bu ugurda degişli işleriň
talabalaýyk ýola goýulmagynyň ähmiýetine ünsi çekdi. Umuman, halkara çäreleri
üstünlikli geçirmek arkaly halkymyzyň asylly däp-dessurlary, myhmansöýerligi,
eziz Diýarymyzyň hemmetaraplaýyn gülläp ösüşi bütin dünýä aýdyň
görkezilmelidir. Şunda halkymyzyň “Gelen — döwlet” diýen paýhasly jümlesi öz
beýanyny tapmalydyr.
Mälim bolşy ýaly, halkymyzdan
we jemgyýetçilik wekillerinden gelip gowşan teklipleriň esasynda,
Türkmenistanyň Mejlisiniň hödürlemegi bilen, hormatly Prezidentimiz 2025-nji
ýylyň nyşanyny tassyklap, belent tutumlara badalga beripdi. Arkadagly Gahryman
Serdarymyzyň belleýşi ýaly, 2025-nji ýyl ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygyna, BMG-niň döredilmeginiň 80 ýyllygyna beslenýär.
Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň nyşanynda Bitarap Watanymyzyň ösüşlerini alamatlandyrýan
ýaşyl, dik ýokary ösýän, güýçli kökleri bolan, şahalary asmana uzaýan derek
agajynyň, ýurdumyzyň Döwlet baýdagynyň, şeýle-de BMG-niň baýdagynyň bolmagy,
bir ganaty Garaşsyzlygymyzy alamatlandyrýan ýaşyl reňkde, beýleki ganaty bolsa
hemişelik Bitaraplygymyzy alamatlandyrýan gök reňkde bolan ak laçyn guşunyň,
parahatçylygy aňladýan zeýtun baldajygynyň ýerleşdirilmegi nyşana çuň manyly
öwüşgin berýär. Gahryman Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň
nyşanynda ýerleşdirilen gymmatlyklaryň ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 30
ýyllygynyň şanyna geçiriljek dabaraly çärelerde we olaryň bezeglerinde,
sowgatlyk önümlerde giňden beýanyny tapmalydygyny aýdyp, bu babatda degişli
ýolbaşçylara öz maslahatlaryny berdi. Milli Liderimiz şanly ýylyň nyşanynyň
many-mazmunyny mekdeplerde ýaş nesillere düşündirmegiň zerurdygyna, munuň olary
watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde ähmiýetli boljakdygyna hem ünsi çekdi.
Birleşen Milletler Guramasy
bilen bilelikde geçiriljek halkara çäreleriň dünýäde parahatçylygy we
ynanyşmagy berkitmekde, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge goşant goşmakda uly
ädim boljakdygyna ynam bildirip, Gahryman Arkadagymyz guramaçylyk döwlet
toparynyň nobatdaky mejlisini jemledi. Türkmen halkynyň Milli Lideri öňde uly
wezipeleriň bardygyny, olary üstünlikli amala aşyrmak üçin ähli şertleriň
döredilendigini nygtap, meýilleşdirilen çäreleri ýokary derejede geçirmek,
Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň halkara abraýyny has-da ýokarlandyrmak
ugrunda zerur çäreleri görmek babatda hemmelere üstünlikleri arzuw etdi we bu
ýerden halkara çäreleriň geçiriljek esasy ýerlerine tarap ugrady.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow kaşaň Halkara maslahat
merkezinde çäreleri guramaçylykly geçirmek boýunça döredilen mümkinçilikler
bilen tanyşdy. Bu binada geçiriljek halkara maslahatlaryň ýokary guramaçylyk
derejesiniň üpjün edilmegi üçin ähli zerur tagallalar edilmelidir. Munuň özi
olaryň netijeli häsiýete eýe bolmagyny şertlendirer. Şunda dünýäniň ösen
tejribesiniň we sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna möhüm ähmiýet berilmelidir.
Bu ýerde internet, aragatnaşyk ulgamlarynyň ähli ugurlarynyň sazlaşykly işiniň
ýola goýulmagy bilen baglanyşykly meseleler yzygiderli gözegçilikde
saklanmalydyr diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Soňra Milli Liderimiz paýtagtymyzyň gözel künjeginde ýerleşýän Halkara kabul edişlik merkezine geldi. Bu ýerde ýokary derejeli myhmanlary kabul etmek hem-de olara ýokary hilli hyzmatlary hödürlemek üçin hemme zerur şertler döredilipdir. Şunuň bilen baglylykda, şanly seneleriň hormatyna guraljak çäreleriň guramaçylyk derejesine toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini nygtamaly. Bu çäreler daşary ýurtly myhmanlarda Türkmenistan we türkmen halky baradaky ýakymly ýatlamalary galdyrmakda ähmiýetli bolmalydyr diýip, hormatly Arkadagymyz belledi we bu babatda degişli ýolbaşçylara birnäçe maslahatlary berdi.
Soňra türkmen halkynyň Milli
Lideri öňde boljak halkara çärelere taýýarlyk işleri bilen tanyşlygyň dowamynda
“Arkadag” myhmanhanasyna geldi. Bu ýerde-de ýokary derejeli myhmanlary we
halkara guramalaryň wekillerini kabul etmek üçin ähli mümkinçilikler bar.
Gahryman Arkadagymyz
meýilleşdirilen halkara çäreleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek
boýunça kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde hemmelere üstünlik
arzuw etdi we bu ýerden ugrady.
tdh.gov