13.05.2026
Şu gün türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna sapar bilen ugrady.
Gahryman Arkadagymyz
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we onuň Diwanynyň jogapkär ýolbaşçylarynyň
ugratmagynda Maslahat köşgünden paýtagtymyzyň Halkara howa menziline tarap ýola
düşdi.
Halkara howa menzilinde
Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar. Olar Milli
Liderimiziň saparynyň şowly bolmagyny we onuň dowamynda geçiriljek
gepleşikleriň üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri
hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, hemmelere üstünlikleri arzuw etdi
we geçiriljek çärelere gatnaşmak üçin Kazan şäherine ugrady.
Häzirki döwürde Türkmenistan
bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky gatnaşyklar deňhukuklylyk, özara
hormat goýmak we strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda yzygiderli
ösdürilýär. Iň ýokary döwlet derejesinde alnyp barylýan ikitaraplaýyn dialog
syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklary giňeltmek üçin ygtybarly
binýat bolup hyzmat edýär. Russiýanyň iri sebitleri bilen göni hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Bu bolsa döwletara gatnaşyklary anyk
many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga mümkinçilik döredýär.
Türkmenistanyň RF-niň
Tatarystan Respublikasy bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygy şeýle gatnaşyklaryň aýdyň
mysallarynyň biridir. Ol iki halkyň çuňňur taryhy köklerine hem-de ruhy
ýakynlygyna esaslanyp, iri möçberli bilelikdäki taslamalaryň durmuşa
geçirilmeginde öz beýanyny tapýar. Yzygiderli alnyp barylýan dialogyň
netijesinde taraplar Türkmenistanda amala aşyrylýan senagat özgertmeleriniň
çäklerinde tagallalary utgaşdyrmagyň täze ugurlaryny kesgitleýärler.
Senagat kooperasiýasynda
«KamAZ» iri maşyngurluşyk kompaniýasy türkmen bazarynda köp ýyllaryň dowamynda
netijeli iş alyp barýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde döwrebap tehnikalaryň
bökdençsiz işledilmegini üpjün edýän, ýokary derejeli ýerli hünärmenleri
taýýarlaýan hyzmat hem-de okuw merkezleriniň giň ulgamy döredildi.
Ýangyç-energetika toplumy hem
möhüm ugurlaryň biri bolup durýar. Bu ulgamda Tatarystanyň «Tatneft» açyk
görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk ösdürilýär. Türkmen
hünärmenleri tatarystanly kärdeşleri bilen uglewodorod serişdelerini çykarmagyň
innowasion usullaryny ornaşdyrmak boýunça netijeli işleri alyp barýarlar.
Hereket edýän nebit ýataklarynyň işini işjeňleşdirmek boýunça bilelikdäki
taslamalar olaryň netijeliligini ep-esli ýokarlandyrmaga, ekologik taýdan
howpsuz tehnologiýalary ornaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Medeni-ynsanperwer ulgamda ýakyn hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu bolsa iki halkyň arasynda baglanyşdyryjy halka bolup hyzmat edýär. Türkmen talyplarynyň Kazanyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdeplerinde bilim almagy milli ykdysadyýetimiz üçin intellektual mümkinçilikleri kemala getirmäge ýardam edýär. Bilelikdäki medeni çäreleriň, döredijilik festiwallarynyň geçirilmegi dostluk we özara düşünişmek gatnaşyklaryny has-da pugtalandyryp, döwletara dialogy ösdürmek üçin möhüm binýady döredýär.
Şeýlelikde, RF-niň Tatarystan
Respublikasynyň işjeň gatnaşmagynda barha giňeldilýän türkmen-rus gatnaşyklary
netijeli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň aýdyň mysalydyr. Häzirki wagtda oba
hojalygy, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda durmuşa geçirilýän
başlangyçlar geljek nesilleriň abadançylygy üçin berk binýat bolup durýar. Bu
hyzmatdaşlygyň netijeli häsiýeti iki ýurduň milli bähbitlerine doly laýyk
gelýär we sebitde parahatçylygy, durnukly ösüşi üpjün etmäge goşant goşýar.
...Birnäçe sagatdan Gahryman
Arkadagymyzyň uçary Kazanyň Türkmenistanyň, Russiýa Federasiýasynyň hem-de
Tatarystanyň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara
howa menziline gondy. Haly düşelen ýodajygyň ugrunda Hormat garawulynyň
esgerleri nyzama düzülipdir. Bu ýerde Milli Liderimizi Russiýa Federasiýasynyň
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow hem-de ýurdumyzyň resmi
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Günüň ikinji ýarymynda türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow Kazan Kremline bardy. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyzy RF-niň
Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow mähirli garşylady.
Milli Liderimiz we Rustam
Minnihanow bilelikde Kazan Kremliniň töweregini synladylar. Soňra Gahryman
Arkadagymyz bilen Tatarystanyň Baştutanynyň arasynda ikiçäk duşuşyk geçirildi.
Rustam Minnihanow belent
mertebeli türkmen myhmanyny ýene bir gezek mähirli mübärekläp, çakylygy kabul
edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyk bildirdi we köp ýyllaryň dowamynda
durnukly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetini belledi.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy çakylyk hem-de bildirilen myhmansöýerlik üçin
minnetdarlygyny beýan edip, Türkmenistany we Tatarystany çuňňur taryhy
kökleriň, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygynyň baglanyşdyrýandygyny aýtdy.
Dostlukly ýurduň Baştutany
türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolan sebitara dialogy
ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi we goldawy üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs
ýürekden hoşallyk bildirip, özara hormat goýmak, hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki derejesini
kanagatlanma bilen belledi.
Söhbetdeşler dürli pudaklarda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalaryň netijelerine aýratyn üns berip, gatnaşyklaryň gerimini giňeltmegiň möhümdigini tassykladylar. Yzygiderli amala aşyrylýan ýokary derejeli saparlardyr duşuşyklar hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge itergi berýär.
Ikiçäk duşuşyk tamamlanandan
soňra, iki ýurduň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz bilen
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam
Minnihanowyň arasynda resmi duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň öňüsyrasynda wekiliýet
ýolbaşçylary iki ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde ýadygärlik surata düşdüler.
Rustam Minnihanow çakylygy
kabul edendigi üçin belent mertebeli myhmana ýene bir gezek hoşallyk bildirip,
Tatarystanda Gahryman Arkadagymyzyň şu gezekki saparyna dostlukly gatnaşyklaryň
mizemezliginiň we strategik hyzmatdaşlygyň nobatdaky subutnamasyna öwrülýän
ähmiýetli waka hökmünde garalýandygyny nygtady.
Şeýle-de ol türkmen halkynyň
Milli Lideri tarapyndan binýady goýlup, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň
parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli
özgertmeleriň iki halkyň bähbidine tagallalary utgaşdyrmak üçin ygtybarly
binýat bolup hyzmat edýändigini belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, döwlet
Baştutanymyza mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi. Rustam
Minnihanow Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek
boýunça öňe sürýän başlangyçlarynyň ähmiýetine ünsi çekdi.
Gahryman Arkadagymyz çakylyk
we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Kazanda geçirilýän halkara
forumlara gatnaşmagyň türkmen tarapy üçin asylly däbe öwrülendigini,
Tatarystanyň paýtagtynyň bolsa hemişe aýratyn hormat we ýürekdeşlik bilen
garşylaýandygyny belledi hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň Rustam Minnihanowa iberen mähirli salamyny, iň gowy
arzuwlaryny ýetirdi.
Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy şu günler geçirilýän «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum
— 2026» XVII halkara ykdysady forumynyň Tatarystanyň barha artýan halkara
abraýyna şaýatlyk edýändigini aýtdy hem-de Kazanyň şu ýylda “Yslam dünýäsiniň
medeni paýtagty” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Rustam Minnihanowy we
Tatarystanyň halkyny tüýs ýürekden gutlap, bu forumyň üstünlikli geçmegini
arzuw etdi. Milli Liderimiz ýurdumyzyň wekiliýetiniň şu gezekki saparynyň
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň möhüm bölegi
bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklary giňeltmäge uly goşant goşjakdygyna ynam
bildirdi.
RF-niň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Türkmenistanyň şeýle forumlara işjeň gatnaşýandygyny,
däp bolşy ýaly, ýurdumyzyň nobatdaky foruma milli pawilýony bilen gatnaşmagynyň
hem muňa aýdyň şaýatlyk edýändigini nygtady. Söhbetdeşligiň dowamynda iki
halkyň doganlyk gatnaşyklarynyň köpasyrlyk däplere, ruhy-medeni umumylyga,
özara hormat goýmaga esaslanýandygy, ýokary derejedäki yzygiderli duşuşyklaryň
ulgamlaýyn hyzmatdaşlygyň binýady bolup durýandygy bellenildi.
Şeýle hem sanlylaşdyrmak,
ýokary tehnologiýalar ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryna
aýratyn üns berildi. Gahryman Arkadagymyz Russiýanyň IT merkezi hökmünde
Tatarystanyň tejribesine ýurdumyzda uly gyzyklanma bildirilýändigini we
tehnoparklar, ykdysadyýete sanly çözgütleri ornaşdyrmak boýunça ýola goýlan
hyzmatdaşlyga ýokary baha berilýändigini belledi. Şunuň bilen bir hatarda,
nebitgaz, senagat, ulag-logistika ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli
ösdürilýär. Aşgabadyň hem-de Kazanyň arasyndaky yzygiderli amala aşyrylýan howa
gatnawlary işewürlik we ynsanperwer gatnaşyklary işjeňleşdirýän möhüm şert
hökmünde görkezildi. Ynsanperwer ulgam özara gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegi
bolmagynda galýar. Häzirki wagtda Tatarystanyň öňdebaryjy ýokary okuw
mekdeplerinde türkmen talyplarynyň müňlerçesi bilim alýar.
Milli Liderimiz bilim
edaralarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň
zerurdygyny nygtap, «Tatar gyzy — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryny
Aşgabatda geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy. Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany ikitaraplaýyn medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň
ähmiýetini belläp, Gahryman Arkadagymyzyň bu teklibini goldaýandygyny aýtdy.
Duşuşygyň ahyrynda türkmen
halkynyň Milli Lideri hem-de Tatarystan Respublikasynyň Baştutany şu gezekki
saparyň Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirip, iki ýurduň doganlyk
halklaryna parahatçylyk we rowaçlyk arzuw etdiler.
Gahryman Arkadagymyzyň Kazana
sapary dowam edýär.
tdh.gov