Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Astanada geçirilýän «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine
gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde döwlet
Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Biraz wagtdan döwlet Baştutanymyzyň uçary
Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menziline gelip gondy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi
adamlar, şeýle hem ýurdumyzyň wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň binýadyny goýan hem-de
hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän ýurdumyzyň
daşary syýasy strategiýasynda Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn,
şeýle hem köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklara möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa – Hytaý» formatynda ikinji gezek geçirilýän
sammite gatnaşmagy munuň aýdyň beýanydyr.
Mälim bolşy ýaly, şeýle görnüşdäki birinji
sammit 2023-nji ýylyň maý aýynda Hytaýyň Sian şäherinde geçirildi. Şunuň bilen
baglylykda, hormatly Prezidentimiziň sammitde çykyş etmek bilen, tagallalary
utgaşdyrmak arkaly sebitara hyzmatdaşlygy dürli ugurlarda mundan beýläk-de
ösdürmek boýunça birnäçe teklipleri öňe sürendigini bellemek gerek.
tdh.gov