Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow «Merkezi Aziýa – Italiýa» görnüşindäki birinji sammite
gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.
Paýtagtymyzyň
halkara howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary
ugratdylar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyz tarapyndan binýady goýlan ýurdumyzyň parahatsöýüjilige, hoşniýetli
goňşuçylyga, deňhukuklylyga esaslanýan daşary syýasat strategiýasy häzirki
wagtda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Dünýäniň gyzyklanma bildirýän ýurtlary bilen köpugurly hyzmatdaşlyk
bu strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biridir. Türkmenistanyň «Merkezi Aziýa –
Italiýa» görnüşindäki ýokary derejeli duşuşyga gatnaşmagy munuň aýdyň
subutnamasydyr.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy Gazagystan Respublikasynyň
Premýer-ministri Olžas Bektenow we beýleki resmi adamlar, ýurdumyzyň
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Bu
görnüşdäki dialog durnukly ykdysady ösüş we medeni gatnaşyklary işjeňleşdirmek
üçin täze mümkinçilikleri açyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň netijeli guraly
bolup durýar hem-de ählumumy derejede ynanyşmagy pugtalandyrmaga we umumy
bähbitleri ilerletmäge ýardam berýär.