22.04.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Sebitleýin ekologiýa sammitine we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny
esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine
gatnaşmak üçin iş sapary bilen Gazagystan Respublikasyna ugrady.
Hormatly
Prezidentimiz Gazagystana ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Sebitiň
ýurtlary bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän Türkmenistanyň daşary syýasat
strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunda sebitiň ekologiýa
meselelerini çözmek boýunça tagallalary birleşdirmäge möhüm ähmiýet berilýär.
Türkmenistan sebit gün tertibinde ileri tutulýan meseleleriň çözgüdini işläp
taýýarlamakda jogapkärli orny eýelemek bilen, umumy bähbitlere laýyk gelýän
anyk başlangyçlary öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Merkezi
Aziýa babatda BMG-niň maksatlaýyn ekologiýa strategiýasyny taýýarlamak
başlangyjyny öňe sürendigini bellemek gerek.
Türkmenistan
durnukly ykdysady ösüşi daşky gurşawy goramak syýasaty bilen utgaşykly alyp
barýar. Ýurdumyz milli ykdysadyýetiň ähli ulgamlarynda «ýaşyl» tehnologiýalary
ornaşdyrmagy göz öňünde tutýan howanyň üýtgemegi baradaky Milli strategiýany
üstünlikli durmuşa geçirýär. Türkmenistan howanyň üýtgemegi ýaly wajyp ugurda
Birleşen Milletler Guramasy we beýleki iri halkara düzümler bilen işjeň
hyzmatdaşlyk edýär. BMG-niň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna
goşulan Türkmenistanyň ýokary derejeli forumlarda öňe sürýän başlangyçlary
halkara bileleşigiň giň goldawyna eýe bolýar. Şolaryň hatarynda Aşgabatda BMG-niň
Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkezini döretmek, BMG-niň Suw strategiýasyny, BMG-niň Aral deňziniň sebiti
üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak, Aral meselesini BMG-niň işiniň
aýratyn ugry hökmünde kesgitlemek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap
saklamak boýunça başlangyçlar bar.
Aral
meselesi sebitara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry bolmagynda galýar.
Türkmenistan sebitde suw diplomatiýasynyň ilerledilmegine aýratyn üns berýär.
Şu maksat bilen, ýurdumyz Araly halas etmegiň halkara gaznasyna başlyklyk
etmeginiň dowamynda Merkezi Aziýa Suw strategiýasyny işläp taýýarlamak
başlangyjyny öňe sürdi. Türkmenistan Aral meselesiniň has anyk we giňişleýin
ara alnyp maslahatlaşylmagy, şol sanda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň degişli Kararnamalarynyň esasynda Araly halas etmegiň halkara
gaznasynyň işini goldamak boýunça çäreleri işläp taýýarlamak ugrunda çykyş
edýär.
Umuman,
Türkmenistanyň öňe sürýän ekologiýa başlangyçlary BMG-niň möhüm maksatlary we
wezipeleri, ilkinji nobatda, ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy üpjün etmek,
Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça wezipeler bilen gönüden-göni
baglanyşyklydyr.
...Birnäçe
sagatdan soňra, hormatly Prezidentimiziň uçary Astananyň sammite gatnaşýan
ýurtlaryň Döwlet baýdaklary bilen bezelen Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara
howa menziline gelip gondy. Haly düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat
garawulynyň esgerleri nyzama düzüldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Gazagystan
Respublikasynyň Premýer-ministri Olžas Bektenow hem-de Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary dowam
edýär.