Şu
gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz
geçiriji taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz
geçirijisiniň Owganystanyň çäginde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň barşy
bilen tanyşdy.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen
binýady goýlan ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasy hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa
geçirilýär. Sebitiň ýurtlary bilen özara bähbitli we hoşniýetli goňşuçylyk
ýörelgelerine esaslanýan hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmak bu
strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir.
2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Gahryman
Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan
transmilli gaz geçirijisiniň taslamasynyň Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat —
Hyrat gaz geçirijisiniň, Serhetabat — Hyrat optiki-süýümli aragatnaşyk
geçirijisiniň, “Turgundy” demir ýol bekediniň “gury portunda” ammarlar
toplumynyň, Turgundy — Hyrat demir ýolunyň birinji tapgyrynyň Turgundy —
Sanabar böleginiň gurluşyk işlerine badalga berilmegi, şeýle hem Serhetabat —
Turgundy demir ýol geçelgesiniň türkmen-owgan serhedindäki uzynlygy 177 metrlik
demir ýol köprüsiniň we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik
geçirijisiniň taslamasynyň birinji tapgyryny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
Owganystanyň Hyrat welaýatynda ýerleşýän “Nur-el-Jahad” elektrik bekediniň işe
girizilmegi munuň aýdyň güwäsidir.
Bitarap
Türkmenistan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine
eýermek bilen, Owganystanyň abadan durmuşyny pugtalandyrmaga yzygiderli goldaw
berýär. Türkmenistan energetika howpsuzlygynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegi
ugrunda çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de sebitiň
döwletleriniň doganlyk halklarynyň abadançylygyna gönükdirilen Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy bu ulgamy kemala
getirmäge saldamly goşant bolup durýar. Şunuň bilen birlikde, bu taslama
ýurdumyzyň milli ýangyç-energetika toplumyny düýpli döwrebaplaşdyrmaga,
innowasiýalary, ekologik taýdan arassa tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önüm
öndürijileriň, üstaşyr geçirijileriň hem-de sarp edijileriň bähbitlerini nazara
almak bilen, energiýa serişdelerini dünýä bazarlaryna ibermegiň
diwersifikasiýalaşdyrylan ulgamyny döretmäge gönükdirilen energetika strategiýasyny
durmuşa geçirmekde möhüm ädimdir.
TOPH taslamasynyň gurluşygy bilen bir hatarda,
ýurdumyzyň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň we optiki-süýümli aragatnaşyk
ulgamynyň, demir ýol infrastrukturasy boýunça taslamalaryň ähmiýetini bellemek
gerek.
...Gahryman Arkadagymyz Mary welaýatyna
ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline geldi. Howa menzilinde Milli
Liderimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Gahryman Arkadagymyz bu ýerde ýurdumyzyň resmi
adamlary bilen söhbetdeş bolup, Türkmenistanyň Owganystan bilen özara hormat
goýmak we dost-doganlyk gatnaşyklarynyň esasynda giň gerimli bilelikdäki
taslamalary, hususan-da, ulag-kommunikasiýa, ýangyç-energetika ugurlarynda dürli
taslamalary üstünlikli amala aşyrýandygyny belledi. Munuň özi goňşy ýurduň
parahatçylykly durmuş-ykdysady taýdan dikeldilmegi we häzirki zaman dünýä
hojalyk gatnaşyklary ulgamyna üstünlikli goşulyşmagy üçin aýratyn ähmiýete
eýedir.
Gahryman Arkadagymyzyň uçary birnäçe wagtdan Mary şäheriniň Halkara
howa menziline gelip gondy.
Halkara howa menzilinde türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny Mary welaýatynyň häkimi
mähirli garşylady.
Soňra Gahryman Arkadagymyz dikuçarda Mary
welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň Serhetabat şäherine bardy.
Milli Liderimiz Serhetabat şäherinden
awtoulagda Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň
Owganystanyň Hyrat welaýatynyň Rabat-Sangi etrabynyň çäginde alnyp barylýan
gurluşyk meýdançasyna bardy.
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň
hem-de Owganystanyň resmi wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar.
Soňra bu ýerde dabaraly mejlis geçirildi.
Mejlisiň öňüsyrasynda iki dostlukly ýurduň
halklarynyň abadançylygynyň bähbidine gönükdirilen bu möhüm taslamanyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin doga-dileg edildi.
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ýangyç-energetika toplumyna gözegçilik edýän orunbasary Gahryman
Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary mübärekläp, hormatly Prezidentimiz
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň berýän yzygiderli goldawlary netijesinde
häzirki wagtda ýurdumyzyň nebitgaz toplumyny ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak
boýunça uly işleriň alnyp barylýandygyny aýtdy. Bellenilişi ýaly, Arkadagyň ak
ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisinde alnyp barylýan gurluşyk işleri
bilen tanyşmak üçin Gahryman Arkadagymyzyň hut özüniň gelmegi we bu günki çärä
gatnaşmagy nebitgaz toplumynyň işgärleri üçin uly buýsanç bolup durýar hem-de
mundan beýläk hem tutanýerli zähmet çekmäge ruhlandyrýar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
Milli Liderimize hem-de hormatly Prezidentimize ýangyç-energetika toplumynyň
işgärleriniň adyndan berk jan saglyk, il-ýurt bähbitli beýik we tutumly
işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edip, “Türkmengaz” döwlet konserniniň
ýöriteleşdirilen gündelik iş lybasyny ýadygärlik sowgat hökmünde kabul etmegini
uly hormat bilen Gahryman Arkadagymyzdan haýyş etdi.
Soňra Milli Liderimize uly hormat bilen söz
berildi.
Gahryman Arkadagymyz şanly
waka mynasybetli dabara gatnaşyjylara taryhy çykyş bilen ýüzlenip, Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk
gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen giň möçberli taslamalaryň üstünlikli
durmuşa geçirilýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, türkmen tebigy gazynyň
çykarylýan möçberlerini artdyrmak hem-de daşarky bazarlara ygtybarly ibermek
boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman
Arkadagymyz Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda «Türkmengaz» döwlet
konserni tarapyndan täze, halkara ähmiýetli gaz geçirijileri çekmek babatda
alnyp barylýan işleriň hem munuň şeýledigine aýdyň şaýatlyk edýändigini
belledi.
Uglewodorod serişdeleriniň ägirt uly gorlary
ýurdumyza tebigy gazy uzak möhletleýin esasda eksport etmäge mümkinçilik berýär
diýip, Gahryman Arkadagymyz aýtdy we sebitiň döwletleriniň doganlyk halklarynyň
abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän Türkmenistan — Owganystan — Pakistan
— Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasynyň uly ähmiýetini belledi. Bellenilişi
ýaly, bu transmilli taslama Türkmenistanyň milli ýangyç-energetika toplumyny
döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen energetika strategiýasyny durmuşa geçirmekde
möhüm ädimdir hem-de tutuş sebitiň durnukly ösüşine täze itergi bermäge
gönükdirilendir.
Gahryman Arkadagymyz geçen ýylyň 11-nji
sentýabrynda ýurdumyzyň Mary welaýatynda Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň gurluşygyna badalga berilmeginiň halkara
derejede möhüm wakalaryň biri bolandygyny aýdyp, bu senäniň türkmen-owgan
gatnaşyklarynyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylandygyny nygtady. Bellenilişi
ýaly, Türkmenistan bilen Owganystanyň arasynda hoşniýetli hyzmatdaşlygyň barha
rowaçlanýandygyny görkezýän täze desgalar ulanmaga berildi, möhüm ähmiýetli
desgalaryň gurluşygyna badalga berildi.
Türkmen we owgan halklarynyň özara
gatnaşyklary gadymyýetden gözbaş alýar. Bu gatnaşyklar häzirki günde has-da
berkeýär. Halklarymyzyň bähbidine gönükdirilen taryhy taslamalar üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Şeýle giň gerimli taslamalaryň durmuşa geçirilmegi
Türkmenistanyň we Owganystanyň hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň aýdyň
subutnamasydyr. Durmuşa geçirilýän bu möhüm ähmiýetli taslamalar diňe bir oňa
gatnaşyjy ýurtlaryň däl-de, eýsem, tutuş sebitiň döwletleriniň durmuş-ykdysady
ösüşine hem oňyn täsir eder diýip, Gahryman
Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Goňşy we sebit döwletleriň gülläp ösmeginde,
ykdysady taýdan durnukly gurşawy emele getirmekde uly ähmiýete eýe bolan
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň uzynlygy 214
kilometr bolan türkmen bölegi edermen gazçylarymyz tarapyndan üstünlikli
durmuşa geçirildi. Ine, bu gün bolsa uzynlygy 153 kilometr bolan Arkadagyň ak
ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat welaýatyna
barýan nobatdaky tapgyryny dowam etdirmek işleriniň şaýady bolýarys.
Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan bu
taslamany durmuşa geçirmek üçin berk maddy-enjamlaýyn binýat döredildi we
200-den gowrak täze, häzirki zaman kuwwatly tehnikalar bilen üpjün edildi
diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.
Milli Liderimiziň belleýşi
ýaly, bu taslamanyň gurluşygyna owgan raýatlary hem işe çekiler we onuň doly
durmuşa geçirilmegi bilen owgan halky üçin täze iş orunlary dörär. Her ýyl
Owganystana ortaça 1 milliard amerikan dollaryndan gowrak serişdeler gelip
gowşar. Munuň özi diňe bir türkmen-owgan gatnaşyklaryna däl, tutuş sebite hem
öz oňyn täsirini ýetirer. Şoňa görä-de, bu taslamalar umumy maksada — biziň
ýurtlarymyzyň uzak möhletleýin ösüşine kuwwatly itergi bermäge we sebitde
durnukly ösüşi üpjün etmäge niýetlenendir diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri
Gahryman Arkadagymyz aýtdy we pursatdan peýdalanyp, Türkmenistan bilen
Owganystanyň arasynda iri möçberli taslamany durmuşa geçirmäge gatnaşýandygy
üçin edermen türkmen gazçylaryna, şeýle hem bu taslamany goldandygy we ony
amala aşyrmaga gatnaşýandygy üçin owgan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Goý, türkmen we owgan halklarynyň arasynda
dost-doganlyk gatnaşyklary hemişe gülläp össün diýip, Gahryman Arkadagymyz
dabara gatnaşyjylara öz arzuwlaryny beýan etdi.
Soňra Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasynyň wajyp tapgyry bolan
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat
welaýatyna barýan nobatdaky tapgyryna ak pata berdi.
Soňra Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Abdul Gani Baradara söz
berildi. Ol çykyşynyň başynda Gahryman Arkadagymyzy hem-de dabara gatnaşyjylary
owgan topragynda mübärekläp, Owganystanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy Alhaj
Molla Mohammad Hasan Ahundyň iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda geosyýasy we geoykdysady ähmiýeti bolan TOPH taslamasy üstünlikli
durmuşa geçirilýär. Bu taslama diňe bir gaz geçiriji bolmak bilen çäklenmän,
eýsem, hyzmatdaşlygyň, özara ykdysady gatnaşyklaryň hem-de umumy abadançylygyň
bähbidine gönükdirilen tagallalaryň nyşanydyr. Şunuň bilen bir hatarda, bu
taslama sebitiň ýurtlarynyň arasyndaky ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin köpri
bolup hyzmat edýär hem-de energiýa howpsuzlygyny, durnuklylygy üpjün etmekde
uly ähmiýete eýedir.
Bu gaz geçiriji taslamasynyň durmuşa
geçirilmegi oňa gatnaşyjy ýurtlaryň halklarynyň abadançylygyny üpjün etmäge we
müňlerçe iş orunlarynyň döredilmegine ýardam berer. Şunuň bilen baglylykda,
owgan tarapynyň TOPH taslamasyna diňe bir ykdysady nukdaýnazardan däl-de,
eýsem, Owganystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge
goşant goşjak möhüm ädim hökmünde garaýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, bu gaz geçirijiniň ugry bilen
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan elektrik geçirijisi, demir ýol, awtomobil
ýollary, logistika merkezleri ýaly degişli infrastrukturalar dörediler. Munuň
özi sebitde söwda-ykdysady gatnaşyklaryň we energetika hyzmatdaşlygynyň bitewi
ulgamyny döreder.
Owgan-türkmen gatnaşyklary
dost-doganlyga, medeni-ruhy gymmatlyklaryň umumylygyna esaslanýar diýip, Abdul
Gani Baradar aýtdy we owgan tarapynyň adyndan Gahryman Arkadagymyza hem-de
hormatly Prezidentimize bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmäge berýän goldawlary
üçin hoşallyk bildirdi.
Çykyşlar tamamlanandan soňra, Arkadagyň ak ýoly bilen
Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisi barada wideoşekiller görkezildi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz dabara gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan — Owganystan —
Pakistan — Hindistan gaz geçiriji taslamasyny ilkinji bolup goldan döwletleriň
biriniň hem Amerikanyň Birleşen Ştatlary bolup durýandygyny aýtdy.
Garaşsyzlyk ýyllary içinde
Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky gatnaşyklar
ýokary derejede ösdürildi. Häzirki wagtda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk köp sanly
ugurlary öz içine alýar. Bu ugurlara özara söwda, maýa goýumlar hem-de
işewürler toparlarynyň arasyndaky gatnaşyklar degişlidir diýip, Gahryman
Arkadagymyz aýtdy we şunuň bilen baglylykda, Türkmen-amerikan işewürler
geňeşiniň uly ähmiýetini aýratyn belledi.
Köp
ýyllardan bäri belli amerikan kompaniýalary Türkmenistanda uly işleri durmuşa
geçirýärler. Amerikanyň «Boeing», «Case New Holland», «John Deere»,
«Caterpillar», «General Electriс», «Sikorsky», «Nicklaus Design» kompaniýalary
ýurdumyzda üstünlikli iş alyp barýarlar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni
dowam etdi we Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçiriji
taslamasynyň maslahatçysy bolup çykyş edýän Amerikanyň «Brownstein»
kompaniýasynyň goşandyny belledi. «Brownstein» kompaniýasy bu ägirt uly
taslamany durmuşa geçirmekde öz gymmatly, peýdaly maslahatlaryny berýär.
Bellenilişi ýaly, şu ýyl
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary derejede geçirilen Birleşen
Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça
üçünji maslahaty Türkmenistanyň halkara abraýyny has-da artdyrdy. Ýakynda bolsa
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň 18-nji
plenar mejlisinde «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen halkara
maslahat bilen bagly «Awaza syýasy Jarnamasy» atly Kararnama biragyzdan kabul
edildi.
Gahryman
Arkadagymyz bu halkara maslahat bilen bagly Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Prezidenti Donald Trampyň hem gutlag iberendigini aýtdy hem-de pursatdan
peýdalanyp, ýurdumyzda geçirilýän uly ähmiýetli halkara maslahatlary goldap, öz
gutlagyny iberendigi, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan —
Hindistan gaz geçiriji taslamasyny goldaýandygy üçin Amerikanyň Birleşen
Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiziň — Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, «Watan diňe
halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!». «Şoňa görä-de,
gujur-gaýratyny gaýgyrman, şunuň ýaly uly işleri bitirýän, taryhy taslamany
durmuşa geçirmäge gatnaşýan nebitgaz toplumynyň işgärlerine, aýratyn hem,
edermen türkmen gazçylarymyza şöhrat, şöhrat, şöhrat!» diýip, Gahryman
Arkadagymyz sözüni jemledi.
Soňra
Milli Liderimiz bu gaz geçirijiniň gurluşygynda ulanyljak täze satyn alnan
kuwwatly tehnikalar bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň satyn alyp beren bu
tehnikalary Türkmenistanyň ykdysady kuwwatyna şaýatlyk etmek bilen, TOPH
taslamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orun eýeleýär.
Soňra Gahryman Arkadagymyz
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Hyrat welaýatyna
barýan böleginiň turbalarynyň kebşirleýiş işleriniň geçirilýän ýerine bardy. Bu
ýerde «Türkmengazgurluşyk» ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy
H.Saparow alnyp barylýan işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda geçen ýylyň sentýabr aýynda
Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçiriji taslamasynyň gurluşyk
işlerine badalga berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu gaz geçiriji taslamasynyň
gurluşyk işleri bilen içgin gyzyklanyp, türkmen gazçylarynyň arasyna gelmegi we
olaryň iş şertleri bilen tanyşmagy gazçy hünärmenleri täze zähmet
üstünliklerine ruhlandyrdy. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmengazgurluşyk»
ÝGPJ-niň Owganystandaky şahamçasynyň başlygy Gahryman Arkadagymyzdan Arkadagyň
ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň Owganystanyň Hyrat
welaýatyna barýan böleginiň kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata bermegini
haýyş etdi.
Bu
ýerde Türkmenistanyň müftüsi sebit we dünýä ähmiýetli bu iri gaz taslamasynyň
üstünlikli amala aşyrylmagy barada doga-dileg etdi.
Soňra
Milli Liderimiz kebşirleýiş işlerine başlamaga ak pata berdi. Şol pursat gaz geçirijiniň nobatdaky tapgyrynyň gurluşygyna
girişildi.
Dabara
tamamlanandan soňra, Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda toý sadakasy berildi.
Soňra
Milli Liderimiz dabara gatnaşyjylar bilen hoşlaşyp, bu ýerden dikuçarda Mary
şäherine ugrady.
Gahryman
Arkadagymyzyň Mary şäherinden ugur alan uçary birnäçe wagtdan paýtagtymyzyň
Halkara howa menziline gelip gondy.
Şeýlelikde, Milli Liderimiziň Owganystana amala aşyran sapary Türkmenistanyň sebitde hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny ösdürmäge ygrarlydygyny görkezdi. Häzirki wagtda türkmen-owgan gatnaşyklary özara bähbitli hyzmatdaşlygyň aýdyň nusgasy bolup, diňe bir iki ýurduň dostlukly halklarynyň bähbitlerine hyzmat etmek bilen çäklenmän, eýsem, sebitde durnukly ösüşi pugtalandyrmaga hem saldamly goşant goşýar.
tdh.gov