Düýn “Awaza” milli syýahatçylyk
zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň çäklerinde Parlament forumy geçirildi.
Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa
geçirmek bilen baglanyşykly gazanylan tejribäni paýlaşmak, şeýle hem
parlamentarilere Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam
bermek üçin mümkinçilikleri döretmek, parlamentarileriň ýerli, milli we sebit
derejelerinde alyp barýan syýasy işi arkaly bu maksatnamanyň amala aşyrylmagyny
çaltlandyrmak maksady bilen, olaryň tejribe alyşmagyna ýardam bermek, deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň öz kanun
çykaryjylyk we beýleki işlerine Hereketleriň onýyllyk maksatnamasynyň ileri
tutulýan ugurlaryny girizmegi üçin anyk çäreler babatda maslahatlary işläp
taýýarlamak hem-de paýlaşmak forumyň esasy maksady boldy.
DÇBÖBD-niň parlamentleri bu döwletleriň
geografik ýerleşişi bilen baglanyşykly meseleleri çözmäge gönükdirilen
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde möhüm orny eýeleýärler.
Kanun çykaryjy edaralar hökmünde parlamentler ulag infrastrukturasyny
kämilleşdirmäge, sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we ykdysady durnuklylygy
pugtalandyrmaga ýardam berýän milli kanunlaryň, syýasatlaryň kabul edilmegini
hem-de ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler.
Mundan başga-da, parlamentariler Hereketleriň
onýyllyk maksatnamasynyň durmuşa geçirilişiniň aýdyňlygyny, hasabatlylygyny
hem-de inklýuziwligini üpjün edip, hökümetiň, raýat jemgyýetiniň we halkara
hyzmatdaşlaryň arasynda möhüm köpri bolup çykyş edýärler. Olaryň işjeň
gatnaşmagy milli we sebit derejelerinde serişdeleri çekmäge hem-de hereketleri
utgaşdyrmaga ýardam berýär, bu bolsa Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak üçin
zerur şert bolup durýar. Şeýle hem DÇBÖBD-niň parlamentleri maksatnamanyň
durmuşa geçirilişine gözegçilik etmekde we baha bermekde esasy orunlaryň birini
eýeleýärler. Munuň özi bar bolan meseleleri öz wagtynda ýüze çykarmaga we
strategik ugurlary kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Parlamentariler özleriniň
kanun çykaryjylyk we gözegçilik wezipelerini ýerine ýetirmegiň netijesinde,
maýa goýumlar hem-de innowasiýalar üçin amatly şertleri döretmäge ýardam
berýärler.
Türkmenistanyň Mejlisiniň, BMG-niň az derejede
ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler
boýunça Ýokary wekiliniň müdiriýetiniň Parlamentara Bileleşik bilen
hyzmatdaşlykda guran bu giň möçberli forumyna deňze çykalgasy bolmadyk ösüp
barýan döwletleriň döwlet düzümleriniň hem-de parlamentleriniň, halkara
guramalaryň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy foruma
gatnaşyjylary mübärekläp, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň
79-njy sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde «BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny geçirmegiň tertibine goşmaça
maglumat» atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilip, bu maslahatyň güneşli
Türkmenistanda geçirilmegine hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Milletler
Bileleşigi tarapyndan üç gezek ykrar edilen ýurdumyza bildirilen uly ynamyň we hormatyň
nyşany hökmünde garalýandygyny belledi.
Nygtalyşy ýaly, dünýä giňişliginde
parahatçylyk söýüjilik, bitaraplyk ýörelgelerini dabaralandyrýan Türkmenistanyň
başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigi parahatçylygy we howpsuzlygy, özara
ynanyşmagy gazanmakda dialogyň hem-de bitaraplyk ýörelgeleriniň ähmiýeti,
energiýa serişdeleriniň we üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi babatda
ençeme Kararnamalary kabul etdi. Bu Kararnamalar degişli ugurlarda halkara
hyzmatdaşlygyň hukuk binýadyny pugtalandyrdy. Türkmenistanyň başlangyjy bilen,
2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi
hem ýurdumyzyň umumadamzat bähbitlerini nazarlaýan ynsanperwer döwlet
syýasatynyň halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýandygynyň subutnamasydyr.
Dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün
etmekde we Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde halkara hyzmatdaşlygy berkitmek
babatda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň taýsyz tagallalary bilen tutumly işler amala aşyrylýar.
Şeýle hem milli parlamentiň ýolbaşçysy
çykyşynda ýurdumyzyň ulag ulgamynda alyp barýan syýasatyna ünsi çekdi.
Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýä bileleşigi
tarapyndan kabul edilýän tagallalara öz mynasyp goşandyny goşup, bu ugurdaky
esasy halkara namalary ykrar etdi we olara goşuldy. Olaryň hataryna Deňze
çykalgasy bolmadyk döwletleriň üstaşyr söwdasy hakynda, Ýük markasy barada,
Gämileri ölçemek barada, Halkara raýat awiasiýasy babatda bikanun hereketlere
garşy göreşmek hakynda Konwensiýalaryny hem-de Halkara ulag we üstaşyr
geçelgeleri döretmek, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin
Halkara seljerme merkezini döretmek hakynda köptaraplaýyn Ylalaşygy, şeýle hem
beýleki ylalaşyklary we konwensiýalary görkezmek bolar. Halkara hukugyň umumy
ykrar edilen kadalarynyň milli kanunçylygymyza girizilmegi Türkmenistanyň
halkara hukuk, syýasy we ykdysady giňişlige üstünlikli goşulyşmagyny çaltlandyrmaga
mümkinçilik berýär.
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda
geçirilýän maslahata gatnaşýanlaryň giň wekilçilikli düzümi, ara alnyp
maslahatlaşyljak meseleleriň wajyplygy parahatçylygyň, ösüşiň we rowaçlygyň
bähbidine durnukly ulag ulgamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga gönükdirilen çemeleşmeleriň hem-de maksatlaryň
umumadamzat ähmiýetlidigini aýdyňlygy bilen görkezýär.
Soňra BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az
derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada
döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima söz berildi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary
parlamentarilere ýüzlenip, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin
Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň kabul edilmeginiň möhüm tapgyry
alamatlandyrýandygyny belledi. Maksatnamada bu döwletleriň meselelerini
durnukly ösüşiň we düzümleýin özgertmeleriň hereketlendiriji güýjüne öwürmek
boýunça anyk meýilnama beýan edilýär.
Bellenilişi ýaly, parlamentariler kanun
çykaryjylyk, gözegçilik işi we býujet çözgütleri arkaly ählumumy borçnamalary
milli derejede durmuşa geçirmäge konstitusion ygtyýarlyklara eýedirler.
Hereketleriň Awaza maksatnamasy parlamentleri bu resminamanyň durmuşa
geçirilişine gözegçilik etmäge, degişli kanunlary kabul etmäge we hiç kimiň
çetde galmazlygyny üpjün etmäge çagyrýar.
Rabab Fatima bu forumyň hyzmatdaşlyk
gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, öňdebaryjy tejribäni alyşmak we ösüşi üpjün
etmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny tassyklamak üçin netijeli meýdança
bolup durýandygyny nygtap, hemmeleri deňze çykalgasy bolmadyk döwletleriň
yzygiderli ösmegi üçin tagallalary birleşdirmäge çagyrdy.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Baş
Assambleýasynyň Başlygy Filemon Ýang çykyş edip, ählumumy borçnamalary milli
derejede durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny belledi.
Nygtalyşy ýaly, parlamentler Hereketleriň täze
maksatnamasynyň ileri tutulýan ugurlaryny anyk çärelere öwrüp, onuň üstünlikli
amala aşyrylmagynda möhüm orun eýelärler. Döwleti dolandyrmagyň çäklerinde
parlamentler söwdany, infrastrukturany, innowasiýalary ösdürmäge, şeýle hem
sebit integrasiýasyny we arabaglanyşygy giňeltmäge ýardam berýän hukuk
binýadyny döredýärler. Syýasat we býujet işlerinden başga-da, döwlet bilen
raýatlaryň arasynda köpri bolup hyzmat edýärler. Şeýle hem durnukly ösüşiň
esasy bolan parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmakda parlamentlere wajyp
orun degişlidir.
Parlamentleriň has ýakyndan hyzmatdaşlyk
etmegi, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan
meselelerini çözmäge we durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam eder diýip, Filemon
Ýang belledi hem-de ähli parlamentleri bu ugurda kanunlary kabul etmäge we
olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik işine işjeň gatnaşmaga çagyrdy. Munuň özi
halkara jemgyýetçiligiň we Baş Assambleýanyň borçnamalarynyň iş ýüzünde durmuşa
geçirilmeginiň kepili bolar.
Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji
komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa hemmeleri mähirli mübärekläp, bu
möhüm forumda çykyş etmegiň özi üçin uly hormatdygyny belledi hem-de bildirilen
myhmansöýerlik üçin türkmen tarapyna hoşallygyny beýan etdi.
Bellenilişi ýaly, biz bu gün bu ýere
Hereketleriň Awaza maksatnamasyny üstünlikli durmuşa geçirmegiň ugurlaryny ara
alyp maslahatlaşmaga ýygnandyk. Parlamentara Bileleşik ençeme ýyllaryň
dowamynda bilelikde guralýan maslahatlary ulanmak arkaly durnukly ösüş
ulgamynda innowasiýalara ýardam etmek maksady bilen, netijeli işleri alyp
barýar. Hereketleriň Awaza maksatnamasy deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletlerde durnukly we inklýuziw ösüşi tizleşdirmäge ýardam berýän netijeli
mehanizmleri özünde jemleýär. Kanun çykaryjy edaralar hökmünde bu maksatnamanyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşmak parlamentleriň borjudyr diýip,
Parlamentara Bileleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil
Mikailowa belledi.
Plenar mejlis tamamlanandan soňra, foruma
gatnaşyjylar bilelikde ýadygärlik surata düşdüler.
Soňra forum öz işini mowzuklaýyn mejlislerde
dowam etdi.
Hereketleriň Wena maksatnamasyndan Awaza
maksatnamasyna geçişe hemmetaraplaýyn seljerme bermäge bagyşlanan mejlisde Wena
maksatnamasyny durmuşa geçirmekde gazanylan üstünlikler, şeýle hem Hereketleriň
täze onýyllyk maksatnamasynyň çäklerinde peýdaly boljak tejribeler ara alnyp
maslahatlaşyldy.
Mejlise gatnaşyjylar parlamentarileriň kanun
çykaryjylyk, wekilçilik we gözegçilik wezipeleri arkaly Hereketleriň Awaza
maksatnamasynyň netijeli geçirilmegini üpjün etmekde eýeleýän ornuna ünsi
çekdiler. Bellenilişi ýaly, parlamentler serişdeleri çekmekde, syýasatyň
kanunçylyk binýadyny döretmekde we onuň berjaý edilişine gözegçilik etmekde möhüm
orun eýeleýärler. Bu bolsa DÇBÖBD-niň meseleleri bilen baglylykda aýratyn wajyp
bolup durýar.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda bu
ýurtlaryň Hereketleriň Wena maksatnamasyny durmuşa geçirmekde ýüzbe-ýüz bolan
esasy meseleleri barada durlup geçildi. Şunuň bilen birlikde, ýurtlaryň
arasyndaky we halkara guramalaryň hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak, şeýle hem
DÇBÖBD-ne mahsus zerurlyklar barada habarlylygy ýokarlandyrmak bilen
baglanyşykly gazanylan üstünlikler bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, Hereketleriň
Awaza maksatnamasynyň durnukly ösüş, şol sanda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklary
we innowasion maliýe mehanizmlerini ilerletmek, tehnologiýalara elýeterliligi
giňeltmek üçin açýan täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Parlamentariler syýasatyň aýdyňlygyny we hasabatlylygyny üpjün etmek üçin
özleriniň ygtyýarlyklaryny ulanmak arkaly bu başlangyçlary ilerletmekde esasy
orny eýelemelidirler.
BMG-niň düzüm birlikleri, ösüş boýunça
hyzmatdaşlar hem-de raýat jemgyýeti bilen hyzmatdaşlyk arkaly parlamentiň
mümkinçiliklerini giňeltmek meselesine aýratyn üns berildi. Bellenilişi ýaly,
şeýle köptaraplaýyn hyzmatdaşlyklar tejribe alyşmaga, hünär derejesini
ýokarlandyrmaga hem-de netijeli býujet syýasatyny alyp barmaga ýardam berýär.
Şeýle hem infrastruktura, döwlet hyzmatlary ulgamyna hem-de howanyň üýtgemegine
garşy uýgunlaşan ösüşe maýa goýumlary höweslendirmek boýunça çäreler ara alnyp
maslahatlaşyldy. Parlamentariler şeýle taslamalar durmuşa geçirilende durnukly
we inklýuziw ösüşi üpjün etmek üçin hasabatlylygyň berjaý edilmeginiň
zerurdygyny bellediler.
“Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletleriň ählisiniň bähbitlerine laýyk gelýän köptaraplaýyn söwda ulgamyny
döretmek hem-de pugtalandyrmak” atly mowzuklaýyn mejlisde oňa gatnaşyjylar
Bütindünýä söwda guramasynyň düzgünleriniň netijeliligini üpjün etmekde
parlamentleriň eýeleýän ornuny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu düzgünleriň
ählumumy häsiýete eýedigine garamazdan, olar diňe milli derejede tassyklanyp,
ornaşdyrylandan soňra güýje girýär.
Bilermenler hem-de parlamentariler halkara
söwdany deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde ykdysady abadançylygyň
we inklýuziw ösüşiň möhüm şerti hökmünde bellediler. Şunuň bilen baglylykda,
köptaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmaga parlamentleriň işjeň
gatnaşmagynyň zerurdygy nygtaldy. Söwda geleşiklerine parlament gözegçiligini
amala aşyrmagyň mehanizmlerine aýratyn üns berildi.
Ara alyp maslahatlaşmalaryň dowamynda soňky
onýyllyklarda dünýäde uly özgerişliklere getiren we serhetüsti söwda üçin täze
şertleri döreden sanly söwdanyň ösmegi bilen baglanyşykly mümkinçiliklere
garaldy. Foruma gatnaşyjylar DÇBÖBD-niň sanly ykdysadyýetde degişli kanunçylyk
binýadynyň kabul edilmegini talap edýän käbir meselelere duş gelýändiklerini
bellediler.
Parlamentariler dünýä ykdysadyýetinde söwda
syýasatynyň üýtgäp durýan häzirki şertlerinde bu ýurtlaryň ählumumy söwda
ulgamyndaky ornuny pugtalandyrmagyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň
bilen baglylykda, erkin söwdany üpjün etmäge gönükdirilen kanunçylyk
çäreleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Mundan başga-da, mejlisde DÇBÖBD-de sanly
söwdany we sanly ykdysadyýeti ösdürmek hem-de köptaraplaýyn söwda
ylalaşyklaryny has netijeli ulanmak boýunça parlamentleriň öňünde durýan
wezipeler barada pikir alşyldy. Durnukly ösüşi üpjün etmek hem-de parlamentiň
mümkinçiliklerini giňeltmek üçin Bütindünýä Söwda Guramasy, BMG-niň Söwda we
ösüş boýunça maslahaty ýaly halkara guramalar, şeýle hem ösüş boýunça
hyzmatdaşlar, şeýle-de raýat jemgyýeti bilen tagallalaryň utgaşdyrylmagyna
aýratyn üns berildi.
Şeýlelikde, mejlis DÇBÖBD-de durnukly ykdysady
ösüşi üpjün etmekde köptaraplaýyn söwda ulgamyny pugtalandyrmaga hem-de
parlamentleriň ornuny işjeňleşdirmäge gönükdirilen maslahatlary işläp
taýýarlamak we tejribe alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.
“Parahatçylygy, ynanyşmagy we jogapkärçilikli
dolandyryşy pugtalandyrmak: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde
durnukly ösüşiň şertleri” ady bilen geçirilen mejlisde oňa gatnaşyjylar Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda netijeli we inklýuziw dolandyryşyň jemgyýetde
jebisligi pugtalandyrmakda, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny we Durnukly ösüş
babatda 2030-njy ýyla çenli Gün tertibini durmuşa geçirmekde ähmiýetini ara
alyp maslahatlaşdylar.
Mejlisiň dowamynda çözgütleri kabul etmek
işine zenanlary hem-de ýaşlary giňden çekmegiň möhümdigi bellenildi. Munuň özi
dolandyryş mehanizmleriniň netijeliligini ýokarlandyrýar. Şeýle hem foruma
gatnaşyjylar parlamentiň mümkinçiliklerini giňeltmäge, inklýuziwligi
ýokarlandyrmaga, jemgyýetde ynanyşmagy we asudalygy pugtalandyrmaga
gönükdirilen düzümleýin özgertmeleriň zerurdygyny nygtadylar.
Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler, olar bilen goňşy döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň
guraly hökmünde parlament diplomatiýasyny we dialogy ösdürmek boýunça
tejribeler hem-de strategiýalar-da ara alnyp maslahatlaşyldy. Inklýuziw we
jogapkärçilikli dolandyryşyň diňe bir ýurduň içinde ylalaşyga hem-de ynanyşmaga
ýardam bermek bilen çäklenmän, eýsem, durnukly ösüş üçin şertleri döredip,
halkara gatnaşyklary hem pugtalandyrýandygy nygtaldy.
Mejlise gatnaşyjylar milli hem-de halkara
maksatnamalary durmuşa geçirmegiň zerur şerti bolup çykyş edýän syýasy dialogy
we sosial jebisligi ilerletmekde parlamentleriň eýeleýän orny barada pikir
alyşdylar. Kanun çykaryjylyk işine jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň wekilleriniň
gatnaşmagyny üpjün etmek we olaryň bähbitlerini göz öňünde tutmak üçin
mehanizmleri döretmek meselesine aýratyn üns berildi. Mundan başga-da, bu
ýurtlarda düzümleýin durnuklylygy pugtalandyrmak we dolandyryşy kämilleşdirmek
üçin halkara hyzmatdaşlyk mehanizmleriniň möhüm ähmiýeti nygtaldy. Mejlise
gatnaşyjylar parlament institutlaryny pugtalandyrmak, durnukly hem-de inklýuziw
ösüş üçin şertleri döretmek üçin halkara guramalar we raýat jemgyýeti bilen
tagallalary utgaşdyrmagyň zerurdygyny bellediler.
Forumyň jemleýji mejlisinde esasy pikirler
hem-de maslahatlar ulgamlaşdyryldy. Bu bolsa Hereketleriň Awaza maksatnamasyny
durmuşa geçirmekde parlamentarileriň ornuny pugtalandyrmak üçin ileri tutulýan
wezipeleri kesgitlemäge mümkinçilik berdi.
Soňra Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna Parlament
Ýüzlenmesi tanyşdyryldy. Onda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň
parlamentleriniň öz wezipelerini ýerine ýetirmekleri üçin, olara tehniki we
maliýe ýardamlaryny, şol sanda degişli halkara guramalar tarapyndan düzümleýin
maslahatlaryň we gözükdirmeleriň hem-de mümkinçilikleri artdyrmak üçin
serişdeleri işjeňleşdirmek babatda ýardamlaryň berilmegini üpjün etmäge çagyryş
beýan edilýär.
Soňra Özbegistan Respublikasynyň Oliý
Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa söz berildi. Dostlukly ýurduň
parlamentiniň Başlygy hemmeleri mähirli mübärekläp, şeýle möhüm çärä gatnaşmaga
çakylyk üçin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de Birleşen
Milletler Guramasyna tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. Ol guramaçylary bu möhüm
maslahatyň üstünlikli geçirilmegi bilen tüýs ýürekden gutlady. Ählumumy gün
tertibiniň möhüm meselelerine bagyşlanan şeýle abraýly halkara forumyň
geçirilmegi Türkmenistanyň halkara dialog üçin hemişe açykdygyna şaýatlyk
edýär. Şeýle hem T.Narbaýewa öz çykyşynda 2023-nji ýylda Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň başlangyjy bilen döredilen we döwletara
hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin möhüm meýdança bolan sebitiň parlamentara
forumynyň ähmiýetini belledi. Bu forum eýýäm ikinji gezek öz mejlislerini
üstünlikli geçirdi we goşulyşma, durnukly ösüşe, şol sanda ulag
infrastrukturasy ulgamynda ösüşe ýardam bermek üçin netijeli mehanizm hökmünde
özüni görkezdi.
Çykyşynyň ahyrynda Özbegistanyň milli
parlamentiniň Başlygy foruma gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikleri arzuw etdi.
BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az
derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada
döwletler boýunça Ýokary wekili, BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan
döwletler boýunça üçünji maslahatynyň Baş sekretary Rabab Fatima forumyň
netijelerini jemläp, DÇBÖBD-niň ileri tutulýan ugurlaryny ilerletmek işine
ygrarlydyklary üçin hemmelere hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, forumyň dowamynda deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentlerinde zenanlaryň
wekilçiligini artdyrmak hem-de ýaşlar, raýat jemgyýeti we hususy pudak bilen
yzygiderli hyzmatdaşlyk etmek üçin resmi mehanizmleri döretmek boýunça anyk
çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle işler syýasatyň netijeliligini
ýokarlandyrýar. Şeýle hem şu günki ara alyp maslahatlaşmalar Hereketleriň Awaza
maksatnamasyny durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän möhüm ornuny aýdyň
görkezdi diýip, Rabab Fatima belledi we hemmeleri forumyň üstünlikli
geçirilmegi bilen gutlady.
Foruma gatnaşyjylar milli we halkara ösüş
maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde parlamentleriň eýeleýän ornuny
pugtalandyrmak boýunça bilelikdäki tagallalary dowam etdirmegiň möhümdigini
nygtadylar. Bu çäre kanun çykaryjy edaralaryň parahatçylygy, ynanyşmagy we
durnukly ösüşi ilerletmekde alyp barýan işleriniň netijeliligini
ýokarlandyrmaga ýardam berýän köptaraply dialog üçin möhüm meýdança öwrüldi.
Parlamentariler forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna
hoşallyklaryny beýan edip, çäräniň dowamynda öňe sürlen teklipleriň we işlenip
taýýarlanylan maslahatlaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmeginiň parlamentarileriň
Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmaga goşýan goşandyny artdyrjakdygyna we
parlament institutlarynyň halkara giňişlikdäki ähmiýetini ýokarlandyrjakdygyna
ynam bildirdiler.