 
                                 24.09.2025
                        24.09.2025
                     
                                      
                                                             
                                               2025-nji ýylyň 24-nji
sentýabrynda  Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 34 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynda dabaraly çäre geçirildi. Bu dabaranyň dowamynda Watanymyzyň
Garaşsyzlygyny, özygtyýarlygyny, ykdysady kuwwatyny  artdyrmaga aýratyn goşant goşan TSSE-niň
işgärlerine Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. 
         Sylaglananlaryň
hatarynda köp ýyllaryň dowamynda yhlasly we jogapkärçilikli zähmet çeken hünärmenler
öz ýürek buýsançlaryny beýan etdiler. Hormatly Prezidentimize halkymyzyň
bagtyýarlygy, döwletimiziň gülläp ösmegi, jemgyýetimiziň agzybirligi we
bütewiligi ugrunda alyp barýan beýik işleri üçin tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Şeýle dabaralar
ýurdumyzyň ösüş ýolunda zähmet çekýän her bir raýaty täze üstünliklere
ruhlandyrýar. 
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.