Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Söwda boýunça bilelikdäki iş toparynyň 3-nji duşuşygy geçirildi

23.05.2025
125
Card image cap

     2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri bilen bilelikde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ECO) agza döwletleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda Söwda boýunça bilelikdäki iş toparynyň wideoaragatnaşyk arkaly 3-nji duşuşygy  geçirildi.

         Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de, iş toparynyň çäklerinde sebitdäki söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegi, import-eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagy, söwda bökdençlikleriniň azaldylmagy, telekeçilige goldaw bermek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Türkmenistanyň wekilleri ýurdumyzyň açyk we netijeli ykdysady syýasat ýörelgeleri, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmekde edýän tagallalary barada çykyş etdiler. Şeýle-de, türkmen tarapynyň söwda ulgamyndaky häzirki taslamalary hem-de geljekki hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyryldy.

        YHG-nyň Söwda boýunça bilelikdäki iş toparynyň 3-nji duşuşygy agza ýurtlaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, söwda gatnaşyklaryny giňeltmäge we ykdysady ösüşi höweslendirmäge gönükdirilen möhüm halkara çäreleriň  biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň