Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýewropa we Türkmen Dokmasy: Eksport mümkinçilikleri giňelýär

06.06.2026
18

   2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda  Germaniýanyň organiki dokma önümçiligi boýunça öňdebaryjy «it fits» kompaniýasynyň hem-de Şweýsariýanyň ýokary inženerçilik we tehnologik çözgütlerini hödürleýän «SYNBELLE GmbH» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi.  Duşuşygyň esasy maksady milli dokma pudagynda ikitaraplaýyn eksport we tehnologik hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

   Duşuşygyň dowamynda Ýewropadan gelen myhmanlar Türkmenistanyň dokma senagatynyň häzirki zaman ösüşine, önümçilik kuwwatyna we taýýar harytlaryň ekologik taýdan arassa hem-de ýokary hiline  örän ýokary baha berdiler. Olar bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

    Duşuşykda Türkmenistanyň ýokary hilli pagta önümlerini, ýüplüklerini we matalaryny Ýewropanyň, hususan-da Germaniýanyň we Şweýsariýanyň dokma bazarlaryna göni eksport etmekde hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşyldy.

    Dokma dizaýny, önümiň hiline gözegçilik we durnukly önümçilik boýunça Germaniýanyň hem-de Şweýsariýanyň ösen tejribesini öwrenmek maksady bilen, Aşgabatda ýerli hünärmenler üçin ussatlyk sapaklaryny we okuw maslahatlaryny gurnamak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy daşary ýurtly hyzmatdaşlara ýurduň iň döwrebap dokma kärhanalary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmakda we ähli guramaçylyk işlerinde doly goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady.

 

 

 

                                                         Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                     Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň