Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýaş türkmen küştçüleriniň halkara ýeňşi

21.08.2026
32

“Kids Expo: ähli zat çagalar üçin” atly halkara sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde ilkinji gezek geçirilen halkara küşt ýaryşy ýaş nesliň zehinini, başarnygyny we belent ruhuny açyp görkezýän möhüm çäreleriň biri boldy.

         Küşt tagtasynyň başynda özara bäsleşen ýaşajyk türgenler ünsüni jemlemek, çalt pikirlenmek we dogry çözgüt kabul etmek ýaly başarnyklaryny ussatlyk bilen görkezdiler. Halkara derejesinde geçirilen bu ýaryş ýaş küştçüler üçin tejribe toplamak  hem-de sport ussatlygyny ýokarlandyrmak babatda aýratyn ähmiýete eýe boldy.

         Halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda guralan bäsleşige 8, 10 we 12 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda dünýäniň 8 döwletinden jemi 94 türgen gatnaşdy. Ýaryşlar küştüň rapid we blitz görnüşleri boýunça geçirildi.

         Ýaryşda Türkmenistanyň ýaş türgenleri hem ýokary netijeleri görkezip, ýurdumyza mynasyp wekilçilik etdiler. Zehinli küştçülerimiz mümkin bolan 12 altyn medalyň 7-sini gazanyp, umumy toparlaýyn hasapda birinji orna mynasyp boldular.

         Bu ajaýyp netije ýurdumyzda ýaş nesliň sporta, şol sanda küşt ýaly intellektual sport görnüşlerine bolan gyzyklanmasynyň barha artýandygynyň, ýaş zehinleriň halkara meýdançasynda üstünlikli çykyş edýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

         Ýaş küştçüleriň bu üstünligi Türkmenistanda ýaş nesle döredilýän giň mümkinçilikleriň, sport ulgamynda alnyp barylýan netijeli işleriň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň