PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Gazagystan Respublikasynyň işewürleriniň duşuşygy

02.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 2-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda- senagat edarasynda Gazagystan Respublikasy bilen türkmen işewürleriniň, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi.

Gazak wekiliýetine «Astana» diplomatlar klubynyň başlygy Kaýyrbolat Sahmetow ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda türkmen we gazak işewürleri öz alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar hem-de geljekde söwda- ykdysady, maýa goýumlar, ulag-logistika, oba hojalygy, himiýa, lukmançylyk we gurluşyk senagaty ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga, özara tejribe alyşmaga isleg bildirýändiklerini nygtap geçdiler.

 

 

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň