Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Vivienne Westwood-dan» milli brendlere: Dünýä modasynyň täze duralgasy – Aşgabat

04.06.2026
26

        «Turkmen Textile Expo» 2026 halkara sergi ýarmarkasynyň çäklerinde guralýan halkara moda görkezilişi çäräniň  iň täsirli pursatlarynyň birine öwrülýär.

     Dünýä belli "Vivienne Westwood" modalar öýüniň Baş direktory (CEO) Karlo D'Amario hem bu sergä gatnaşýar. Ol ajaýyp sahnada gowşurylan gül desselerine we şowhunly  el çarpyşmalara minnetdarlyk bildirip,  türkmen zenanlarynyň el işleriniň, milli lybaslarynyň haýran galdyryjy gözelligine bolan guwanjyny  beýan etdi.

      Mahlasy bu gün dünýä dizaýnerleri  bir sahnada: Fransiýanyň romantikasy, Marokkonyň we Omanyň özüne çekijiligi, goňşy döwletleriň we Russiýanyň milli öwüşginleri Aşgabadyň podyumynda birleşýär.

      Türkmenistanyň dizaýn mümkinçiliklerini bolsa ýurdumyzyň milli brendleri dabaralandyrýar.

    «Turkmentextile Expo — 2026» halkara sergisi diňe bir dokma önümleriniň däl, eýsem,  döredijiligiň we modanyň baýramy hökmünde dabaralanýar.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

    Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň