26.11.2026
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda
geçirilen «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş ─ 2026» atly halkara maslahat we sergi, şeýle
hem «Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini üstünlikli
tamamlady.
Häzirki
döwürde ykdysadyýetiň ösüşinde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň, sanly
çözgütleriň, ulag-logistika ulgamlarynyň özara sazlaşykly
kämilleşdirilmegi aýratyn ähmiýete
eýedir. Ata Watanymyz Türkmenistanda bu
halkara çäreleriň geçirilmegi ulag-aragatnaşyk pudagynda gazanylan üstünlikleri
we öňdebaryjy tejribeleri tanyşdyrmak, täze tehnologiýalary ara alyp
maslahatlaşmak, ylmy-amaly, işewürlik hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksadyndan ugur
aldy.
Bu geçirilen iri
halkara çäreleriniň 3-nji gününde «Sanly çözgüt ─ 2026» atly innowasion
taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi we ýeňijilere gymmat bahaly
sowgatlaryň hem-de diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Şeýle hem
myhmanlar «Halkara ulag-üstaşyr
geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş
– 2026» hem-de «Türkmentel ─ 2026» atly
halkara sergisine gatnaşyjylara diplomlary gowşurmak dabarasyna
gatnaşdylar.
Çäreleriň
ahyrynda Çuňňur Hormatlanylýan Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara
arabaglanyşyk we ösüş ─ 2026» atly halkara maslahatyna we sergisine hem-de
«Türkmentel ─ 2026» atly halkara sergisine we ylmy maslahatyna gatnaşyjylaryň
Ýüzlenmesi kabul edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.