Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Turkmentravel – 2026”: Türkmenistan halkara syýahatçylyk giňişliginde öz ornuny berkidýär

26.03.2026
29

          2026-njy ýylyň 14-16-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty geçiriler. Bu çäre ýurdumyzyň syýahatçylyk pudagynda gazanylýan üstünlikleri görkezmek hem-de halkara hyzmatdaşlygy has-da giňeltmek maksady bilen guralýar.

         Sergä dünýäniň dürli künjeklerinden syýahatçylyk kompaniýalarynyň, myhmanhana ulgamynyň, ulag we hyzmat pudaklarynyň wekilleriniň gatnaşmagyna garaşylýar. Gatnaşyjylar özleriniň täze hyzmatlaryny, innowasion taslamalaryny hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini tanyşdyrarlar. Bu bolsa täze işewür gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna öňyn täsir eder.

         Hormatly Prezidentimiz tarapyndan alnyp barylýan döwlet syýasatynda syýahatçylyk pudagynyň ösdürilmegine aýratyn orun berilýär. Ýurdumyzyň baý tebigy we taryhy mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak, täze syýahatçylyk ugurlaryny döretmek hem-de halkara derejesinde bäsdeşlige ukyply hyzmatlary ösdürmek boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Bu ugurda durmuşa geçirilýän taslamalar Türkmenistanyň syýahatçylyk merkezi hökmünde abraýynyň ýokarlanmagyna uly goşant goşýar.

         “Turkmentravel – 2026” halkara sergisi we maslahaty ýurdumyzyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä tanatmakda, täze maýa goýumlary çekmekde hem-de hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim bolar. Bu çäre Türkmenistanyň halkara syýahatçylyk giňişligindäki ornuny has-da pugtalandyrjak möhüm waka hökmünde çykyş eder.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň