08.04.2026
2026-njy ýylyň 14-16-njy apreli
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçiriljek “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk
sergisi we maslahatyna taýýarlyk işleri ýokary depginde alnyp barylýar. Bu iri
halkara çäre ýurdumyzda syýahatçylyk pudagynyň ösüşini hem-de onuň halkara
derejesindäki abraýyny ýokarlandyrmagy maksat edinýär.
“Turkmentravel
– 2026” atly halkara çäresine dünýäniň dürli ýurtlaryndan syýahatçylyk
kompaniýalarynyň, myhmanhana ulgamlarynyň wekilleri, maýa goýujylar we pudak
hünärmenleri gatnaşar. Bu bolsa halkara tejribe alyşmaga, täze hyzmatlary
tanyşdyrmaga hem-de hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemäge giň mümkinçilik
döredýär.
Çäräniň
maksatnamasynda sergi ekspozisiýasy bilen birlikde mowzuklaýyn mejlisler,
tanyşdyrylyş çykyşlar hem-de B2B we B2G görnüşindäki duşuşyklary göz öňünde
tutulýar. Bu duşuşyklar täze taslamalaryň durmuşa geçirilmeginde we özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde möhüm orun eýelär.
“Turkmentravel
– 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty Türkmenistanyň baý
syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda, daşary ýurt maýa goýumlaryny
çekmekde hem-de halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm waka bolar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.