Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi üstünlikli jemlendi

16.04.2026
23

          2026-njy ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilen “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty ýokary guramaçylyk derejesinde öz işini tamamlady.

          Çäräniň dowamynda dürli ýurtlardan gelen wekiller, işewür toparlar hem-de pudaklaýyn hünärmenler syýahatçylyk ulgamynyň häzirki ösüş ugurlary, halkara hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi hem-de geljekki mümkinçilikler barada giňişleýin pikir alyşdylar. Şeýle duşuşyklar we halkara çäreler özara tejribe alyşmaga, täze hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmaga hem-de işewür hyzmatdaşlygy ösdürmäge giň mümkinçilikleri döredýär.

          “Turkmentravel – 2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçiliklerini dünýä derejesinde giňden tanatmakda, halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde hem-de pudagyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ähmiýete eýe boldy.

        Çäre Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda syýahatçylyk ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň