Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen – Hytaý işewürler forumy täze ösüş ugurlaryny kesgitledi

29.04.2026
44

           2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda geçirilýän Türkmen-Hytaý sergisiniň ikinji iş gününde Türkmen – Hytaý işewürler forumy öz işine başlady. Forum iki ýurduň işewür toparlaryny, kompaniýalaryny we pudaklaýyn düzümlerini bir ýere jemläp, hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakda möhüm meýdança boldy.

         Forumyň dowamynda türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň täze tapgyry, ýangyç-energetika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, senagat we gurluşyk ulgamynda bilelikdäki taslamalary ösdürmek, logistika ugurlaryny kämilleşdirmek hem-de sanly geljegi döretmek meseleleri boýunça çykyşlar edildi.

         Türkmen we hytaý taraplarynyň wekilleri özara ynama esaslanýan hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini belläp, geljekde täze taslamalary amala aşyrmaga taýýardyklaryny nygtadylar.

  Geçirilen forum iki dostlukly ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň barha pugtalanyp, täze ösüş sepgitlerine çykýandygynyň aýdyň beýany boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň