PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-özbek gatnaşyklary: özara hyzmatdaşlygy giňeltmegiň ugrunda

23.08.2023
Card image cap

23.08.2023ý. Häzirki wagtda Özbegistan Respublikasynyň işewür wekilleri  Samarkant welaýatynyň häkiminiň kömekçisi Nozir Ibragimowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen  gurluşyk materiýallaryny öndürmekde we satmakda hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Türkmenistana iş saparynda bolýar.

Wekiliýetiň düzüminde Özbegistan Respublikasynyň metal önümçiligi bilen meşgullanýan «Aziýa metal Prof» Paýdarlar Jemgyýetiniň wekilleri bar.

Saparyň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinde duşuşyklar guraldy. Duşuşyga gurluşyk materiýallaryny öndürýän, ulag-aragatnaşyk ulgamynda işleýän türkmen kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşikler geçirildi.

Düýn, 22-nji awgustda özbek wekiliýeti «Şanly bedew» hususy kärhanasynyň önümçilik meýdançasyna aýlanyp, ol ýerdäki demir önümçiligine ýokary baha berdiler. 

www.cci.gov.tm


Bulary hem okaň