PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-Şweýsar: söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ugrunda

25.01.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şteli bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M. Gurdowyň duşuşygy geçirildi. Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Türkmenistana täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Tomas Şteliň biziň ýurdumyza saparynyň çäklerinde guralan bu duşuşyk ikitaraplaýyn söwda-ykdysady  hyzmatdaşlygyny  giňeltmek maksadyndan ugur aldy.

Dostlukly gatnaşyklara daýanýan duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Şweýsariýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň täze çözgütleri we çemeleşmeleri hem-de söwda-ykdysady düzümlerinde özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk bilen bagly meseleler  ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşykda bu ugurdaky hyzmatdaşlygyň hilini täze derejä çykarmagyň hem-de bilelikdäki gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň mümkinçilikleri hakynda pikir alşyldy. 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň