01.11.2025
2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda Frankfurtda
gurnalan Türkmenistanyň Ykdysadyýet
günleriniň çäklerinde “BASF” kompaniýasynyň baş edarasyna we önümçilik
desgalaryna Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň
hem-de hususy pudagyň wekilleriniň gatnaşmagynda işewürlik sapary gurnaldy.
Bu kompaniýa
diňe bir Ýewropada däl, eýsem dünýäde iň
uly himiýa kompaniýalaryň biri bolup, türkmen
wekiliýeti bilen himiýa senagatynda hyzmatdaşlygy
ýola goýmak, özara tejribe alyşmak işewürlik saparynyň esasy maksady boldy.
Önümçilik desgalary, degirmen we ýoly
dikeltmek tehnologiýalarynyň önümçiligi bilen meşgullanýan “Wirtgen Group”
kompaniýasyna hem türkmen wekiliýetiniň sapary gurnaldy. Bu sapar hem dünýäniň
ösen tejribesiniň özleşdirilmeginde, häzirki zamanyň täzeçil tehnologiýalary
boýunça tejribe alyşmakda ähmiýetli boldy.
Türkmenistanyň Söwda
senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.