Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti Niderlandlar Patyşalygynda iş saparynda boldy

30.07.2026
38

           2026-njy ýylyň 25-29-njy iýuly aralygynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň wekilleri  Niderlandlar Patyşalygynda iş  saparynda boldular. Saparyň maksady 2026-njy ýylyň 4-6-njy sentýabrynda Kronenberg şäherinde geçiriljek ahalteke atlarynyň arasynda atly sport we gözellik bäsleşiginiň dünýä çempionatyna görülýän taýýarlyk işleri bilen tanyşmak hem-de Niderlandlar Patyşalygynyň degişli döwlet edaralarynyň we guramaçylyk toparynyň wekilleri bilen iş duşuşyklaryny geçirmekden ybarat boldy.

         Duşuşyklaryň dowamynda dünýä çempionatynyň guramaçylyk meseleleri, sergi-ýarmarkanyň taýýarlygy, milli pawilýonlaryň ýerleşdirilişi, logistika, myhmanlary kabul etmek hem-de halkara gatnaşyjylar üçin dörediljek şertler ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Şeýle hem dünýä çempionatynyň çäklerinde guraljak Türkmenistanyň milli sergi-ýarmarkasynda “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan kärhanalaryň önümleriniň we milli gymmatlyklarynyň görkezilmegi meýilleşdirilýär.

         Iş saparynyň netijeleri boýunça taraplar dünýä çempionatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegini üpjün etmek ugrunda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň