Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň wekiliýeti Hytaýyň Söwda ministrligi bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşdy

12.08.2026
22

        Hytaýyň Söwda ministrliginiň Ýewraziýa departamentiniň ýolbaşçylary bilen 2026-njy ýylyň 12-nji awgustynda  göni wideoaragatnaşyk duşuşygy geçirildi.

     Sanly ulgam arkaly duşuşyk  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda gurnaldy. Çärä Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, "Türkmenhimiýa" döwlet konserniniň, Söwda-senagat edarasynyň hem-de Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýolbaşçy düzümleri we hünärmenleri gatnaşdy. 

      Duşuşykda Türkmenistanyň wekilçilikli toparynyň Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý halkara import sergisine ýokary derejede gatnaşmagyny üpjün etmek barada pikir alyşyldy. Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan  sergide Türkmenistanyň milli pawilionyny guramak, ýurduň eksport we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmegiň meyilnamasyna garaldy.

    Taraplar söwda gatnaşyklaryny giňeltmek, eksport-import amallaryny ýenilleşdirmek we maýa goýum taslamalaryny goldamak meselelerini hem ara alyp maslahatlaşdylar.

 

 

  Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň