16.05.2026
Ýakynda badalga alan «Russiýa —
Yslam dünýäsi: KazanForum — 2026» XVII halkara ykdysady forumyna Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň wekiliýeti hem gatnaşdy. Halkara forum işjeň dowam edip, giň möçberde
gepleşikler geçirildi.
Bu çäre ýurdumyzyň maýa goýum mümkinçiliklerini, halal önümler
pudagyndaky üstünliklerini görkezmek, işewürlik gatnaşyklaryny berkitmek, şeýle
hem halal önümler bazarynyň täzelikleri bilen tanyşmaga ajaýyp mümkinçilik döretdi.
«Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum —
2026» XVII halkara ykdysady forumynyň 15-nji maýda geçirilen “Kartadaky nokatlardan
ösüş nokatlaryna çenli: tehniki we ykdysady başlangyçlary birleşdirýär” atly
plenar sessiýasyna Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy gatnaşdy.
Türkmenistanyň bu çärä gatnaşmagy Russiýa bilen söwda we ykdysady
hyzmatdaşlygyň ösmegine, şeýle hem dünýäniň halal önümler bazaryndaky ornuny
berkitmäge, ykdysadyýete maýa goýumlaryny çekmäge mümkinçilikleri artdyrar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.