Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Müsür bilen hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

29.04.2026
23

      2026-njy ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hamdy Şaaban Abdelhalim Mohamed bilen duşuşdy.

Duşuşygyň başynda TSSE-nyň ýolbaşçysy diplomaty bu jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady we oňa diplomatik işlerinde üstünlikleri arzuw etdi. Duşuşyk işewürlik we dostluk ruhunda geçip, ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň geljekki ugurlaryna bagyşlandy.

         Gepleşiklerde Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejede ýola goýmak, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek, işewür toparlaryň arasynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek hem-de bilelikdäki taslamalary ilerletmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly mümkinçilikleriň bardygyny bellediler.

         Duşuşygyň dowamynda şeýle hem geljekde bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak we dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşyldy.

       Geçirilen duşuşyk Türkmenistan bilen Müsür Arap Respublikasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň täze mazmun bilen baýlaşýandygyny we geljekde gatnaşyklary has-da ösdürmäge giň ýol açýandygyny görkezdi.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň