2025-nji ýylyň 28-nji maýynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda işewür duşuşyk boldy. Duşuşykda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Malaýziýanyň Türkmenistandaky Adatdan
daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tajuddiniň
ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşdy.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar bilelikdäki hyzmatdaşlygy has-da giňeltmegi ara alyp
maslahatlaşdylar. Jenap Mohd Suhaými Bin Ahmad Tadjuddin Türkmenistanyň
ykdysady mümkinçiliklerine ýokary baha berip, bilelikdäki çäreleriň iki ýurduň
arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm platforma bolup
hyzmat edýändigini aýratyn nygtady.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy hem duşuşygyň netijeli häsiýete eýedigini
aýdyp, ýurdumyzda işewürleriň halkara hyzmatdaşlyga giňden açykdygyny, sergilere we ykdysady forumlara gatnaşmagyň
dünýä bazaryna çykmakda möhüm ädimdigini nygtady. Şeýle-de ol Türkmenistan
bilen Malaýziýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmegiň geljeginiň
ulydygyny belledi.
Duşuşygyň
ahyrynda taraplar gatnaşyklaryň
pugtalandyrylmagy, sergilerde we forumlarda hyzmatdaşlygyň dowam etdirilmegi
babatda özara düşünişdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.