PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaýyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça geneşçisi bilen duşuşyk geçirildi

20.04.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 19-njy aprelinde Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynyň söwda-ykdysady meseleleri boýunça geneşçisi Li Ýuenin bilen duşuşyşk geçirildi.

Duşuşugyň barşynda iki dostlukly ýurduň köp ýyllaryň dowamyndaky strategik hyzmatdaşlygy alyp baryp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we birek-biregiň bähbitlerini berjaý etmek ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklaryň giňeldilmegine uly ähmiýet berilýändigi nygtaldy.

Şunuň bilen baglylykda, taraplar iki ýurduň işewür hyzmatdaşlygynyň has-da ösdürmegiň ugurlary barada pikir alyşdylar. Şunda, myhman türkmen işewür düzümlerini şu ýylyň 5-10-njy noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 7-nji Hytaý halkara import serigisine gatnaşmaga çagyrdy.

Taraplar hususan-da, Türkmenistanyň Prezidentiniň alyp barýan parasatly içeri we daşary syýasaty netijesinde Türkmenistanyň sebitiň ýurtlary bilen oňyn söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeýändigini hem-de bu babatda amala aşyrylýan ähmiýetli işler ýurduň ykdysadyýetini diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde uly üstünliklere eýe bolýandygyny nygtadylar.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar söwda-ykdysady ulgamynda üstünlikli hyzmatdaşlygyň toplanylan baý tejribesini, bar bolan ägirt uly kuwwaty nazara almak arkaly, türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ýokary depgini dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň