Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaýyň Şensi welaýatynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi

15.07.2026
32

         2026-njy ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Daşary işler boýunça kanselýariýasynyň Merkezi Aziýa bölüminiň başlygy Çen Ganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi.

        Duşuşygyň dowamynda Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda söwda-ykdysady we işewürlik hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek, telekeçilik düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki işewürlik çärelerini guramak hem-de täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek boýunça pikir alyşdylar.

         Netijeli we dostlukly ýagdaýda geçen duşuşyk Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna hem-de iki ýurduň işewür gatnaşyklarynyň täze derejä çykarylmagyna möhüm itergi berjek nobatdaky ädim boldy.

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň