23.01.2026
2026-njy ýylyň 22-nji ýanwarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Çad Respublikasynyň Türkmenistana
bellenen Ilçisi jenap Mahamud Adam Beşiri bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň ýolbaşçysynyň arasynda duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar birek-birek bilen tanyşyp, iki ýurduň arasynda
söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mümkinçilikleri
barada umumy pikir alyşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
alyp barýan işleri, onuň esasy ugurlary hem-de daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen
hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen mümkinçilikler barada maglumat
berildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň dostlukly döwletler bilen
özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini belläp, Çad
Respublikasy bilen hyzmatdaşlygyň geljekde ösdürilmegine taýýardygyny aýtdy.
Jenap
Mahamud Adam Beşiri bildirilen myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip,
Türkmenistanda diplomatik wezipesini ýerine ýetirmegiň özi üçin uly
hormatdygyny nygtady hem-de geljekde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine
gyzyklanma bildirdi.
Duşuşyk
dostlukly we işewürlik ruhunda geçdi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy