01.08.2026
2026-njy ýylyň 31-nji iýulynda Hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, Niderlandlar Patyşalygynda
ahalteke atlarynyň arasynda geçiriljek atly sport we gözellik bäsleşiginiň
dünýä çempionatyna ýurdumyzda giň gerimli taýýarlyk görülmegi bilen bagly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
işgärleri bilen şany
dünýä dolan bedew atlarymyza bagyşlanan duşuşyk gurnaldy.
Duşuşykda Türkmenistanyň «Behişdi Ahalteke atlary»
we «Türkmeniň nusgalyk alabaýy» atly žurnallarynyň baş redaktory, tanymal
žurnalist we atşynas Narly Nuryýew
çykyş etdi.
Duşuşykda türkmen halkynyň milli buýsanjy
we taryhy medeni mirasy bolan ahalteke bedewleriniň hem-de türkmen
alabaýlarynyň dünýädäki şöhratyny has-da belende götermek barada Hormatly
Prezidentimiziň, Gahryman Arkadagymyzyň tagallaryna aýratyn üns çekildi.
Žurnalist
öz çykyşynda Gahryman Arkadagymyzyň ahalteke bedewleri hem-de türkmen
alabaýlary baradaky pelsepewi kitaplaryndan paýhasly jümlelere ýüzlenip, ahalteke
atlarynyň tebigy çydamlylygy, özboluşly reňk öwüşginleri, dünýä taryhyndaky
orny we olary seýislemegiň inçe syrlary barada
täsirli maglumatlary paýlaşdy.
Söwda-senagat edarasynyň guraýan halkara sergilerinde ýurduň milli gymmatlyklaryny
şöhlelendirýän neşir önümlerini daşary ýurtly myhmanlara tanyşdyrmagyň ähmiýeti
barada pikir alyşyldy.
Duşuşygyň ahyrynda gatnaşyjylar türkmen
medeniýetini, şöhratly bedewlerimizi we milli mirasymyzy dünýä ýüzünde
dabaralandyrmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize
tüýs ýürekden sagbolsun aýtdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.