PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzasy bolar

07.03.2024
Card image cap

2024-nji ýylyň 6-njy martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçylarynyň we wekilleriniň gatnaşmagynda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň adatdan daşary Baş assambleýasynyň wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Şeýle hem bu duşuşyga birleşigiň agza ýurtlaryň wekilleri hem gatnaşdylar.

Duşuşykda Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň hem-de işewür düzümleriniň arasyndaky gatnaşyklary ýokarlandyrmagyň we olary täze derejä çykarmagyň mümkinçilikleri barada gürrüň edildi.

Türki döwletleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly halkara meýdança bolup hyzmat edýän Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň häzirki wagtda Azerbaýjan, Gazagystan, Gyrgyz, Özbegistan we Türkiýe Respublikalary doly hukukly agzalarydyr. Türkmenistan, Wengriýa, Demirgazyk Kipr bolsa synçy agzalary bolup durýar.

          Wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen duşuşykda onuň gün tertibine laýyklykda, birleşige öňden synçy hökmünde gatnaşýan Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyny Türki döwletleriniň söwda-senagat edaralarynyň birleşiginiň doly hukukly agzalygyna kabul etmek baradaky teklip öňe sürüldi we bu teklibi duşuşyga gatnaşyjylaryň ählisiniň biragyzdan goldandygy barada habar berildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.



Bulary hem okaň