17.03.2026
2026-njy ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy toý şowhunyna beslendi. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda 18 ýyl bäri hereket edip gelýän Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bu toýuň eýesi bolup, bu ýerde gurnalan sergi türkmen telekeçileriniň ýeten belent sepgitleriniň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Dabaraly
çäre Hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygy mynasybetli gurnalan sergä hem-de «Türkmenistanyň geljegine maýa
goýumlar» atly halkara foruma gatnaşyjylara Gutlag haty bilen açyldy. Gutlagda
bellenilşi ýaly, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň
mekany” ýylynda hususyýetçilerimiz agzybirlikde döwletlilik ýolumyzdan ynamly
öňe barýarlar. Işewürlik gurşawyny döwrebaplaşdyrmak, kiçi, orta we iri
telekeçiligiň gerimini giňeltmek boýunça amala aşyrylýan işleriň esasynda
ykdysadyýetde hususy bölegiň paýy yzygiderli ýokarlanýar.
Bu çärede Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zaly halkymyzyň bol-elin ak bazarlary ýaly gözüňi hem göwnuňi dokundyrýar. Bu biziň ýurdumyzyň azyk we haryt bolçulygynyň nyşany bolup, döwlet tarapyndan telekeçilere berilýän uly mümkinçilikleriň netijesidir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.