Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026”: täze hyzmatdaşlygyň we geljegi uly taslamalaryň gözbaşy

23.10.2026
36

         2026-njy ýylyň 23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda üç günläp dowam eden “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi öz işini üstünlikli tamamlady. Energetika ulgamynyň möhüm meselelerine bagyşlanan bu iri halkara çäre dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen wekilleri, pudagyň hünärmenlerini, işewür toparlaryň we iri kompaniýalaryň wekillerini bir ýere jemläp, özara tejribe alyşmak, täze hyzmatdaşlygy ýola goýmak hem-de geljegi uly taslamalary ara alyp maslahatlaşmak üçin netijeli meýdança boldy.

         Halkara maslahatyň üçünji gününde metan zyňyndylaryny azaltmak, energetikanyň durnukly ösüşini üpjün etmek we döwrebap tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmak meselelerine aýratyn üns berildi. Şeýle hem “Türkmenistan – Malaýziýa: energetika boýunça hyzmatdaşlyk” atly tegelek stoluň çäklerinde ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri, tejribe alyşmak we geljekki gatnaşyklary ösdürmegiň ileri tutulýan ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Çäräniň dowamynda degişli resminamalara, özara düşünişmek hakynda Ähtnamalara gol çekildi we dürli ugurlar boýunça ylalaşyklar gazanyldy. Bu ädimler energetika pudagynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek we täze taslamalary durmuşa geçirmek üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

         Halkara maslahatyň we serginiň jemleýji gününde gatnaşyjylaryň Türkmenistanyň hormatly Prezidentine Ýüzlenmesi kabul edildi. Şeýle-de halkara sergä gatnaşyjylara diplomlaryň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

         “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi energetika ulgamynda sebit we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek, maýa goýum mümkinçiliklerini giňeltmek hem-de geljegi uly taslamalary ilerletmek babatda täze mümkinçilikleri açdy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň