Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026”: halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri

21.10.2026
32

       2026-njy ýylyň 21-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda her ýyl asylly däbe öwrülen ýurdumyzyň nebitgaz pudagynyň mümkinçiliklerini dünýä ýaýmakda we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekde möhüm ähmiýete eýe bolan “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly halkara maslahaty we sergisi öz işine başlady. Çäräniň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy okaldy.

         Hormatly Prezidentimiziň Gutlagynda ýurdumyzyň baý tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmak, tebigy gazyň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de energetika ulgamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär.

         Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň energetika syýasaty milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmak bilen birlikde, sebitiň we dünýäniň energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmaga, halklaryň abadançylygyna goşant goşmaga gönükdirilendir. “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilmegi we täze halkara gaz geçiriji taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bu ugurdaky strategik başlangyçlaryň aýdyň beýanydyr.

         Ýokary guramaçylyk derejesinde 31-nji gezek geçirilýän bu halkara maslahaty we sergi milli hünärmenler bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda özara tejribe alyşmak, nebitgaz pudagynyň ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak hem-de geljekde giň gerimli, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin möhüm meýdança bolup hyzmat edýär. Serginiň çäklerinde öňdebaryjy tehnologiýalar, innowasion çözgütler we täze maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär.

23-nji oktýabra çenli dowam etjek bu iri halkara çäre Türkmenistanyň energetika ulgamyndaky mümkinçiliklerini dünýä ýaýmak, halkara ykdysady gatnaşyklary giňeltmek we milli nebitgaz pudagynyň ösüşine täze itergi bermek babatda möhüm ähmiýete eýedir.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň