Täzelikler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

«Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady

22.10.2025
86

      2025-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2025» atly halkara maslahatyň we serginiň Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda açylyş dabarasy boldy.

      Dabaraly çäre hormatly Prezidentimiziň halkara maslahata we sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynyň okalmagy bilen açyldy.  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň şu ýyl 30-njy gezek ýokary derejede geçirilýän bu halkara maslahatyň we serginiň ýurdumyzyň hünärmenleri bilen daşary ýurtly hyzmatdaşlarymyzyň özara tejribe we pikir alyşmagynda, geljekde giň gerimli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyna berk ynamy we ýagşy arzuwlary gyzgyn el çarpyşmalary bilen garşylandy.

        Bu sergide nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek, geologiýa, geofizika we seýsmiki barlaglar, nebiti we gazy çykarmak, daşamak, gaýtadan işlemek, nebitgaz desgalaryny guramak babatda öňdebaryjy taslamalar, ulaglar we enjamlar, nebiti we gazy çykarmakda we gaýtadan işlemekde, himiýa senagatynda işleri awtomatlaşdyrmak, gözegçilik etmek, ölçemek boýunça sergi diwarlyklary gurnaldy.

     Halkara maslahatyň çäklerinde ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň wekilleriniň daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen bu pudakda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategik ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirmek  meýilleşdirildi.

                                                          Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

                                                                                                      Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň